Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Çagalar seýilgähiniň gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. Belläp geçsek, 17-nji sentýabrda Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalar seýilgähiniň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň çagalaryň türkmen halkynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hususan-da, merkezi girelge çagalar üçin söýgüli gahrymana öwrülen Böwenjigiň şekilinde bolsa onuň ýylgyryp duran keşbi ýaş nesillerde şatlyk duýgusyny döreder.