7-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanylýan usullaryň ulanylyşyny synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen täze şäheriň çäginde gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg serişdeleriniň görnüşlerini synlady. Bu ýerde gurluşygyň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň aýratynlyklary, olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler hem-de muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň görnüşleri barada maglumat berildi. Şeýle hem ol binalaryň otaglarynda goýulýan bezeg gülleri, olaryň görnüşleri, güllere ideg etmegiň täzeçil usullary barada aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen bezeg serişdelerini synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagynyň hemişe bolşy ýaly möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäherniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy, şunda okuwlaryny önümçilik bilen utgaşykly alyp barýan talyp ýaşlaryň eden işleri, olaryň daşary ýurtlarda saparda bolup, zerur tejribeleri toplandygy barada hasabat berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zamanyň ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýtdy we ekilen bag nahallaryna ideg etmegiň häzirki zaman tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäherde amatly howa gurşawynyň saklanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.