"Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan işlenip taýýarlanan we işe girizilen "Milli One" atly antiwirus programmasyna daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Agentligiň mälim etmegine görä, bu programmany ulanmak üçin daşary ýurtlardan sargytlar yzygiderli gelýär. Ähli maglumat enjamlarda ulanmaga elýeterli bolan "Milli One" antiwirus programmasy elektron poçtany we faýllary Internet we beýleki ulgamlaryň hüjümlerinden ygtybarly goraýar. Antiwirus enjama adaty programmalar ýüklenende "eksploýtlar" diýlip atlandyrylýan zyýan beriji goşundylaryň öňünde hem ynamdar böwet bolýar. Programmalar we goşundylar ýüklenende "Milli One" antiwirusy olary "Cloud Blocking" we "Cloud Discovery" modullarynyň üsti bilen düýpli barlagdan geçirýär. Mysal üçin "Cloud Discovery" moduly gözleg brauzeriniň we mobil goşundylaryň üsti bilen daşky ulanyja bulut hyzmatynda bolup biläýjek eleýeterliligiň öňüni alýar we böwetleýär. Mundan daşary, "Milli One" antiwirus programmasy yzygiderli kämilleşdirilýär. ORIENT news Orient Link: https://orient.tm/tm/post/60385/turkmen-antiwirusyny-dasary-yurtlular-uly-isleg-bilen-ulanyarlar