Ýaponiýada ýaşy 100-den geçen adamlaryň sany 92 müňden gowrakdyr. Olaryň 88,5%-i zenanlardyr. Russiýada 2020-nji ýylyň başynda uzak ýaşly 22,6 müň adam hasaba alyndy, dünýäde 2019-njy ýylda 100 ýaşdan geçen adamlaryň sany 533 müňdi. Ýaponiýada 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylaryň sany ilkinji gezek 92 müň adama ýetdi - bu soňky 53 ýylyň içinde rekord görkeziji. Bu barada TASS Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligine salgylanyp habar berdi. Uzak ýaşly ýaponlaryň 88,5%-i zenanlardyr. Ýurtda 100 ýaşdan agan 10,5 müň sany erkek adam bar. Maglumatlar 18-nji sentýabrda ýetip gelýän ýaşululary hormatlamak gününiň şanyna çap edildi. 2023-nji ýylda 47107 ýapon raýaty ýüz ýaş toýuny bellär. Olar döwletden gutlag hatlaryny we ýadygärlik sowgatlary alarlar. Ýurduň iň garry zenany - osakaly 116 ýaşly Fusa Tasumi, erkek adamy bolsa - tibyly 111 ýaşly Gisaburo Sonobe. Ýaponiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça dünýäde öňdäkileriň biridir. Ýurtdaky her 100 müň adamyň ortaça 73-si 100 ýaşdan aňyrdaky adamlardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir