Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda "A" toparçada çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» kluby ýurdumyzyň "Ahal" topary bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geldi. Saud Arabystanynyň El-Majmaa şäheriniň topary Aşgabada gelen dessine "Aşgabat" stadionynda türgenleşik geçmäge başlady. Bu ýerde Saud Arabystanynyň we ýurdumyzyň futbol toparlary ertir - 19-njy sentýabrda sagat 21:00-da duşuşarlar. Bu stadionda "Ahal" topary toparlaýyn ýaryşlaryň çäklerinde, Özbegistanyň "Pahtakor", Birleşen Arap Emirlikleriniň "Al-Aýn" toparlaryny hem geljekde kabul eder. AFK-nyň iň naýbaşy futbol ýygyndylary 18-nji sentýabrdan - 13-nji dekabra çenli toparlaýyn duşuşyklary geçirerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir