Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3 million 127 müň 599 adama barabardyr. Bu maglumatlary ORIENT agentligi «Türkmenaragatnaşyk» agentligine salgylanyp getirýär. Şeýlelikde, 410 müň adam simli internetden, 3 milliona golaý (2 716 599) ilat bolsa ykjam goşundy arkaly peýdalanýar. Daşarky internet ýaýlymynyň tutuş ýurt boýunça ulanylyşy 108 gigabit/sekunda deň. Şol bir wagtda, içerki internet kanalyň ulanylyşy, milli torlaryň işe girizilmegi netijesinde 70 gigabit/sekunda deň boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir