Gysga wagtda 70 müňden gowrak ulanyjy toplamagy başaran Asmanexpress indi bank kartlary arkaly hem tölegleri kabul edip başlady. Aşgabadyň içine bary-ýogy 10 minutda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirip bilen bu onlaýn platforma hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyny dowam edýär. Çünki Asmanexpress-iň hödürleýän hyzmaty, ilkinji nobatda, müşderileriň gündelik aladalaryny azaltmagy, olaryň durmuşyny ýeňilleşdirmegi maksat edinýär. Bu günki gün Asmanexpress ulanyjylarynyň isleglerini göz öňünde tutup, nagt däl hasaplaşyklary hem ýola goýdy. Asmanexpress müşderileriniň wagtynyň gymmatlydygyna düşünýär we hormat goýýar. Hut şonuň üçin hem ol eltip bermegiň tizligini siziň garaşýan wagtyňyzdan hem has tiz etmäge ymtylýar. Asmanexpress-iň sargytlary şeýle tiz eltip bermeginiň syry kämil işlenip düzülen logistikada we ösen tehnologiýalarda jemlenýär. Şeýle hem Asmanexpress beýleki marketleri gözden geçirip, müşderi üçin bazarda iň arzan bahalary hödürleýär. Asmanexpress ykjam goşundysy öz içine 10 minutda 19 litrlik arassalanan agyz suwuny eltip berýän Arassa Asman bölümini, öýe gerek sargyt edilen harytlary degişlilikde 10 we 30 minutda eltip berýän Asmanexpress we Asmanmega bölümini, saýlan brend egin-eşikleriňiz sargyt esasynda öýüňizde geýip görmegiňiz üçin bary-ýogy 90 minudyň içinde eltip berýän Asmanshop bölümi, iş we işgär gözleýänler üçin niýetlenen Asmanjobs bölümini alýar. Eltip bermek hyzmaty her gün 07:30-dan 23:00-a çenli dowam edýär. Asmanexpress – Siziň hyzmatyňyzda! Asmanexpress ykjam goşundysyny: GooglePlay we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99361282393; +99364755997. Saýt: asmanexpress.com Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir