Ýewropa Bileleşigi TikTok sosial ulgamyna kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanyşykly maglumatlary ulananda Brýusseliň maglumatlary goramak boýunça berk düzgünlerini (GDPR) bozandygy üçin 345 million ýewro (368 million dollar) jerime saldy. TikTok-yň merkezi kwartirasy Dublinde ýerleşýär we ÝB-niň adyndan hereket edýän Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy sosial media ägirdini üç aýyň içinde işini talaba laýyk tertibe salmaga borçly etdi. Bu jerime 2020-nji ýylyň iýul-dekabr aýlary aralygynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça iki ýyllyk derňewden soň salyndy. Bu programma ýaşlaryň arasynda gaty meşhurdyr we Irlandiýanyň häkimiýetleri öz kararlarynda şeýle netijä geldiler: çagalaryň hasap ýazgylary köpçülige mälim ediljek derejede hasaba alyndy. Bu TikTok-yň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň şahsy maglumatlaryny gorap bilmänligi üçin birinji gezek temmi alşy däl. Sosial ulgama 2019-njy ýylda ABŞ tarapyndan takmynan 5 million dollar, 2021-nji ýylda Niderlandlar tarapyndan 750 000 ýewro jerime salyndy. Geçen ýylyň aprelinde Beýik Britaniýa şuňa meňzeş hukuk bozulmalara ýol berendigi üçin oňa 15 million ýewro töweregi jerime saldy. TikTok soňky salnan jerimä nädip jogap bermelidigini kesgitleýändigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir