Eplenýän Honor flagmany ulanyjylaryň pikiriçe iň gowy görülýän Android smartfony boldy

AnTuTu bençmarkynyň soňky maglumatlaryna görä, Honor-yň eplenýän flagmany Magic V2 iň gowy görülýän Android smartfonlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada ferra.ru habar berýär.
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda geçirilen pikir soraşma görä, çeýe ekranly bu gajet ulanyjylardan 96,15% oňyn ses aldy. Onuň yzyndan 95,78% ses bil...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bedew.com.tm-da suw nasoslarynyň dürli görnüşleri goşuldy, baha üýtgemezden hasapdan töleg edip bolýar

«Bedew» gurluşyk harytlary dükanyndan indi ESW (ЕЦВ) guýy nasoslaryny, şeýle hem dürli pudaklarda ulanylýan STANDART, SHIMGE brendleriniň uly we kiçi göwrümli suw nasoslaryny sargyt edip bolýar.



Şeýle hem onlaýn dükan telekeçiler we hususy kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilendigini habar berdi. Indiden beýläk, «...

Dowamy »

246 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

USAID Türkmenistanyň senetçilerini Gyrgyzystana we Özbegistana stadi-tura gatnaşmaga çagyrýar

ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (USAID) türkmen telekeçisi Iskander Kerimow bilen bilelikde Türkmenistanyň senetçilerini öz işlerini ösdürmäge hem-de bar bolan hyzmatdaşlyk platformalary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga çagyrýar.
USAID-iň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu başlangyja gatnaşyjylar beýleki senetçiler bilen terji...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Pahtakoryň» tälimçisi «Ahal» bilen duşuşykdan öň: “Gowy futbol görkezmäge we ýeňiş ugrunda göreşmäge taýýar”

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň “Ahal” we “Pahtakor” toparlarynyň arasyndaky 4-nji tapgyr oýnundan öň geçirilen metbugat maslahatynda “Pahtakoryň” tälimçisi Maksim Şaskih we ýarym goragçy Diýor Holmatow žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler.

Maksim Şaskih taýýarlanmak üçin wagtyň çäkli bolandygyna garamazdan, t...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gazagystan we Türkmenistan maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak barada şertnama taýýarlaýar

Gazagystan bilen Türkmenistan maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky şertnama gol çekmek isleýär.

“Gazagystan Respublikasynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky şertnamanyň taslamasyny tassyklamak” – diýip, KazTAG agentligi hökümetiň kararynyň ta...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Ahalyň» baş tälimçisi «Pahtakor» bilen duşuşyk barada: «Oýna taýýar we gowy netije görkezeris diýip umyt edýäris»

«Ahal» toparynyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew toparynyň şu gün geçiriljek oýnundan öň käbir soraglara jogap berdi.

Toparyň oýnunda bolup biljek täze taktiki çözgütler we shemalar baradaky soraga jogap hökmünde Geldiýew täze pikirleriň bardygyny aýtdy. Ol oýunda “12 oýunçy” diýip atlandyrýan toparyň janköýerleriniň uly rol oýnajakdyg...

Dowamy »

283 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Aşgabat» kinoteatrynda «Ýaşlar» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar

11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar.
Filmiň görkezilişi 16:00-da bolar. Giriş tölegsiz.
Filmi goýujy kinorežissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň aýtmagyna görä, filmde ilkinji söýginiň döredýän duýgulary, gahrymanlaryň durmuşynda garaşylmadyk w...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ahal welaýatyndaky kitaphanalarda hasapda duran okyjylaryň sany 105 müňden geçdi

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň çägindäki kitaphanalara ýazylan okyjylar 8 müň 500-den geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 105 müň 250-ä golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Geçen döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 360 müň 700-den gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 54 müňi,...

Dowamy »

237 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan e...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen döwlet maliýe instituty ykdysadyýet boýunça V Olimpiadany geçirdi

Türkmen döwlet maliýe instituty milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ykdysadyýet boýunça V onlaýn Olimpiadany geçirdi.
Olimpiada Türkmenistanyň 16 ýokary okuw mekdebinden 64 talyp gatnaşdy we ol aýratyn we toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçirildi.
Aýratyn ha...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Türkmentel-2023» sergisine 30 ýurtdan 80 kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar

9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

«Türkmentel—2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Pa...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy duşuşygy Demirgazyk Makedoniýada geçiriler

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy duşuşygy 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry – 1-nji dekabry aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçiriler.
ÝHHG-niň 57 gatnaşyjy döwletiniň daşary işler ministrleriniň her ýyl geçirilýän duşuşygy ÝHHG-niň häzirki başlygy, Demirgazyk Makedoni...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.

Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen d...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminamada:

1.Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmelidig...

Dowamy »

241 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Çandra Paudele we Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahala ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hat...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Ahal» we «Pahtakor» AFK Çempionlar ligasynyň oýnundan öň «Aşgabat» stadionynda metbugat ýygnagyny geçirerler

7-nji noýabrda AFK Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» «Aşgabat» stadionynda «Pahtakory» kabul eder. Oýun sagat 19:00-da başlanar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň öňýanyndaky günde «Aşgabat» stadionynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat ýygnagy hem-de aç...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýuwaş ummanda ýanardag çogup, täze ada döredi

Ýuwaş ummanda suwasty ýanardag çogmasyndan soňra täze ada emele geldi diýip, Tokionyň uniwersitetiniň Ýer titremeleriniň ylmy barlagy instituty habar berdi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, netijede göwrümi 100 metre deň bolan gury ýer bölegi döredi, ol Tokiodan takmynan 1200 kilometrlikde ýerleşýär diýip, «News.ru» ýazýar.
Alymlar Io adasynyň...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy

Kädi, şugundyr we kelem güýzde adam bedeni üçin iň peýdaly gök önümlerdir. Bu barada russiýaly berhiz lukmany Ýelena Tihomirowa gürrüň berdi diýip, «Izwestiýa» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Kädi ilkinji nobatda düzüminde kletçatkalaryň köpdügi üçin peýdalydyr. «Kädiniň 100 gramynda A ýokumynyň bir gije-gündizlik möçberi bar,...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar

Astana şäherinde geçirilen boks boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň agzalary 7 medala mynasyp boldular. Olaryň biri altyn, üçüsi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

13 agram derejede geçirilen yklym birinjiligine 23...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Nebitmaş» DK Türkmenistanyň elektrotehnika pudagy üçin dürli görnüşli izolýatorlary öndürýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy içerki bazar üçin gurluşy we niýetlenilişi, şeýle hem gurnalýan elementleriniň konfigurasiýasy bilen tapawutlanýan izolýatorlary öndürýär.

Olaryň hatarynda 1000 Gerse çenli ýygylygy we 1000 Woltdan ýokary naprýaženiýesi bolan elektrik enjamlaryny...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago