Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Bader Abdullah Almunaýehiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. B.Mätiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam, goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar türkmen-kuweýt ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle hem bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir