Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz türk wekiliýeti bilen bilelikde täze Arkadag şäherine baryp gördi. Myhmanlar şäheriň binagärlik gurluşy bilen tanyşdylar we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler diýip, Halkara maglumat merkezi habar berýär. Bu ýerde «Galkynyş» atçylyk sport toparynyň agzalary türk wekiliýetiniň öňünde çykyş etdiler. Tanyşlykdan soň türk wise-prezidentine türkmen milli lybaslary — don we telpek gowşuryldy. Ýatlap geçsek, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Düýn şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi, onda türk tarapyna Jewdet Ýilmaz ýolbaşçylyk etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir