Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanylan möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Zimbabwe Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçlikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işleri bilen hem tanyşdyryldy. Şunda özara bähbitli parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmaga itergi berjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda ilçi Bitarap Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir