Türkmenistanly küştçi, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy Läle Şöhradowa Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirilen küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (20 ýaşa çenli) Günbatar Aziýanyň çempionatynda blis görnüşi boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Turniriň soňky gününde geçirilen blis boýunça bäsleşiklerde Läle Şöhradowa mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, hormat münberiniň ikinji basgançagyndan orun aldy. Ondan öňe diňe çempionatda üç görnüş boýunça hem altyn medala eýe çykan gazagystanly Zeýnep Sultanbek geçmegi başardy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (20 ýaşa çenli) Günbatar Aziýanyň çempionatynda gazanan medallarynyň sany üçe ýetdi. Türkmen türgenleri bu ýaryşda iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Mundan ozal, Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirilen küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (20 ýaşa çenli) Günbatar Aziýanyň çempionatynda çalt oýnalýan küşt boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Hallynyýazowyň kümüş medala, Läle Şöhradowanyň bolsa şol görnüşde ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp bolandygyny habar beripdik. Ýeri gelende bellesek, bu ýaryşa 7 döwletden türgenleriň 90-a golaýy gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir