Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Braýt Kupembanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-zimbabwe gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam, goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk barada bellenip geçildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga itergi bermek barada özara pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir