Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat hoşniýetli arzuwlar we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine we ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýan türkmen-kuweýt döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan dostlukly türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir