Ilkinji möwsümindäki çempionlygyny geçen tapgyrda yglan eden Arkadag şäheriniň adybir futbol topary çempionlykdan soň hem badyny gowşadanok. Ýakynda türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen wekili Wladimir Baýramow bilen işleşip başlan topar 27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda «Aşgabady» myhmançylykda 4:1 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 47-nji minutda Abdy Bäşimow, 50-nji minutda Didar Durdyýew, 63-nji we 65-nji minutlarda bolsa Şanazar Tirkişow geçirdi. Eýýäm 7-nji minutda Hojanazar Gurbanowyň tapawutlanmagynda çempionyň derwezesinden pökgi geçiren ýer eýeleri bolsa bu goluň soňuny getirip bilmediler. Möwsümdäki 21-nji duşuşygynda 21-nji ýeňşini gazanan «Arkadag» futbol topary 63 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 23 duşuşykda 30 utuk toplap bilen «Aşgabat» bolsa dördünji orunda galdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir