Agşamky türgenleşikler gipertoniýaly adamlar üçin irdenkilerden has täsirli bolup çykdy

Braziliýanyň San Paulo uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymlary gözleg geçirip, pyýada ýöremek, ylgamak, tans ýa-da welosiped sürmek ýaly aerobiki türgenleşikler bilen diňe agşam meşgullanylanda, gan basyşyna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Bu barada, The Journal of Physiology žunalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Eks...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýene 5 sany suw arassalaýjy desga ulanylmaga berler

2024-nji ýylyň dowamynda Tejen şäherinde, Esenguly etrabynda, Gyzylarbat şäherinde, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynda suw arassalaýjy desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Hytaý dünýäde üçünji awtomobil eksportçysy: ol ABŞ-dan we Meksikadan öňe geçdi

Hytaý 2023-nji ýylda awtomobilleri dünýä bazarlaryna ibermek boýunça pul aňlatmasynda ABŞ-dan we Meksikadan öňe geçip, üçünji orny eýeledi. Bu ugurda öňdebaryjylar Germaniýa we Ýaponiýa bolmagynda galýar diýip, RIA Nowosti açyk maglumatlara esaslanyp habar berýär.
Geçen ýyl Hytaý ýeňil awtomobilleriň, awtobuslaryň, ýük ulaglarynyň we ýörite...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň h...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

320 dollara çenli arzanlaşyk: Apple Hytaýda iPhone-niň iň uly arzanladyşyny yglan etdi

Apple Hytaýda iPhone, iPad, Apple Watch we beýleki önümleriniň görlüp-eşidilmedik baha arzanlaşygyny habar berdi. Arzanlaşyk 320 dollara ýetýär, bu kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky taryhynda iň uly arzanlaşygydyr, diýip IXBT ýazýar.
Analitikler bu ädimi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda iPhone satuwynyň ýyllyk hasabynyň 7% azalmagy bil...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Oaktree amerikan gaznasy “Interiň” täze eýesi boldy

Milandan (Italiýa) “Inter” futbol kluby Oaktree amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçdi. Klubuň eýesiniň çalyşmagy Hytaýyň Suning Group holding kompaniýasynyň üç ýyl mundan ozal Oaktree-den alnan 395 mln ýewro möçberde karzyny yzyna gaýtaryp bilmändigi sebäpli bolup geçdi diýip, Sky Sport Italy gaznanyň beýanyna salgylanyp habar berýär.<...

Dowamy »

266 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Dünýäde meşhurlyk gazanan «Sýogun» serialy 2-nji we 3-nji möwsüme çenli uzaldyldy

FX teleýaýlymy "Sýogun" taryhy serialynyň ikinji we üçünji möwsüme çenli uzaldylandygyny habar berdi. Täze epizodlaryň ssenariýeleriniň üstünde eýýäm şu tomusdan işlenilip başlanar diýip, Deadline ýazýar.
Taslamanyň esasy hereketlendirijileri bolup, öňküsi ýaly, Reýçel Kondo we Jastin Marks galar, lord Ýosi Toranaganyň baş keşbini ýene-de Hi...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Tomas Tuhel möwsümiň ahyrynda “Bawariýadan” gidýär

Germaniýaly Tomas Tuhel metbugat konferensiýasynda möwsümiň ahyrynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Ilkibaşda Tuheliň “Bawariýa” bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenipdi. Fewral aýynda klubuň ýolbaşçylygy tälimçi bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan hyzma...

Dowamy »

258 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

BSGG adam ömürlerini halas etmek üçin duzuň sarp edilişini azaltmaga çagyrýar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri gipertoniýa hadysalarynyň sanynyň artmagyndan howatyrlanýarlar. Olar täze hasabatda diňe Ýewropanyň özünde uly adamlaryň her üçünjisiniň diýen ýaly ýokary arterial basyşdan ejir çekýändigini habar berýärler.
BSGG munuň, esasan, duzuň çendenaşa köp ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny...

Dowamy »

253 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Redmi Note 13R elýeter smartfony hödürlendi

Xiaomi kompaniýasy täze Redmi Note 13R modeli bilen Redmi Note hatarynyň üstüni ýetirdi, eýýämden onuň geçginli we meşhur boljakdygyny aýdýarlar. Smartfonyň bölek satuwy Hytaýda eýýäm başlandy diýip, ITHome ýazýar.
Redmi Note 13R 2460 x 1080 piksel durulykda 6,79 dýuýmlyk IPS ekrany aldy, onuň iň ýokary ýagtylygy 550 nit we täzeleniş tizligi...

Dowamy »

274 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

3-nji iýunda planetalaryň ýörişi bolar: 6 planeta bir hatara düzüler

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýeriň ýaşaýjylary “Planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýan ajaýyp astronomiki hadysanyň şaýady bolarlar. Şol gün Gün ulgamynyň alty planetasy: Merkuriý, Ýupiter, Uran, Mars, Neptun we Saturn asmanda bir hatara düzüler diýip, Starwalk.space-e salgylanýan RBK habar berýär.
Bu Ýer togalagynyň dürli künjeklerinden...

Dowamy »

250 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Şwesiýada häzirki akkumulýatorlardan 16 esse uzak işleýän batareýalar döredildi

Şwesiýaly alymlar batareýalaryň ösüşinde öňegidişlik gazandylar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.
Linçýoping uniwersitetiniň, Çalmersiň Tehnologiýa uniwersitetiniň we Karlstad uniwersitetiniň hünärmenleri kagyz pudagynyň galyndylaryndan - sinkden we ligninden ýasalan täze batareýany döretdiler.
Täze ösüşiň esasy artykmaçly...

Dowamy »

247 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Täze Volkswagen Golf GTI-niň bahasy 44,5 müň ýewro bolar

Volkswagen täze Golf GTI üçin sargyt açdy. 2024-nji ýylyň modeli 26 at güýji öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy, bu öňküsinden 20 at güýji köpdür. 100 km/sag-a çenli tizligi artdyrmak 5,9 sekunt wagt alýar diýip auto.ru habar berýär.
Esasy GTI 17 dýuýmlyk tekerleri, sport oturgyçlaryny, 12,9 dýuýmlyk ekranly media ulgamyny...

Dowamy »

261 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Haýsysy köp? Samsung, Apple we Xiaomi-niň 10 ýylda näçe smartfon satandygy belli boldy

Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi.
10 ýylyň dowamynda, ýagny 2014-nji ýyldan bäri öňdebaryjy ýeri Samsung tutdy. Kompaniýa bütin dünýäde 2,937 milliard smartfon satdy. Ondan soňky ýer...

Dowamy »

285 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

«Mançester Siti» dördünji gezek Angliýanyň Premýer ligasynyň çempiony boldy

«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer ligasynyň jemleýji tapgyrynda "West Hemi" 3:1 hasabynda utup, yzygider dördünji gezek çempionlyk titulyny eýeledi.
Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen "Siti" 91 utuk toplady we ýaryşy ikinji ýerde barýan "Arsenaldan" iki utuk öňde tamamlady. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri taryhynda onunjy we soňky ýedi ýylda a...

Dowamy »

293 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Türkmenistan Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika merkezini döredip biler

“Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Astrahan sebitiniň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumyndaky beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“Örän möhüm taslama Türkmenistandan h...

Dowamy »

260 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Fil Foden 2023/24 möwsümde APL-de möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

“Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Fil Foden 2023/24-möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
23 ýaşly angliýaly 35 oýunda 19 gol geçirip we 8 netijeli geçirim edip, toparyň çempion titulyny almagynda esasy şahsyýetleriň birine öwrüldi.
Foden baýrak üçin göreşde Erling Holand (Mançester Siti...

Dowamy »

257 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Toyota Camry 2024 Honda Accord Hybrid we 3,5-lyk Camry bilen dreg-ýaryşda bäsleşdi

Throttle House YouTube ýaýlymynda gibrid kuwwatly täze Toyota Camry 2024-iň Honda Accord Hybrid we öňki nesil Camry TRD V6-nyň bäsleşýän dreg-ýaryşynyň wideosyny çap etdi diýip, IXBT ýazýar.
Ilkinji ýaryşda gibrid Camry 2024 (232 at güýji, 1655 kg) Honda Accord Gibrid-i (204 at güýji, 1606 kg) badalgada hem, hereket wagty hem öňe yzda galdy...

Dowamy »

261 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Serdar Berdimuhamedow El-Salwadoryň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Müsürde faraonlaryň guburlarynyň aşagyndan syrly desga tapyldy

Arheologlar uzakdan zondirleme usulyny ulanyp, Müsürdäki Giza gonamçylygynyň golaýynda ýeriň astyndan L görnüşli syrly desgany tapdylar. Alymlar munuň nähili desgadygyny we nirä eltýändigini heniz bilenoklar diýip, Archaeological Prospection žurnalyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar.
Bu täsinlik ýeriň astyndan, iki metr çuňlukdan tapyldy. Onuň uz...

Dowamy »

268 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago