Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiñ wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Nottingem Trent uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylan sapara doktor Martin Sewior hem-de Sem Barkli wekilçilik etdi diýip, Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Taraplar ýokary bilim babatda, hususan-da, iňlis diliniñ okadylyşyny kämilleşdirmek, mugallymlary taýýarlamak hem-de akademiki alyş-çalyş babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryň işläp taýýarlanylmagynyň hem-de sanly bilim gurallaryň ornaşdyrylmagynyň wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Iňlis dili mugallymlary üçin okatmak usulyýetlerini kämilleşdirmäge hem-de okuw proseslerine innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen ussatlyk sapaklaryň we seminarlaryň geçirilmegine aýratyn üns çekildi.