Samsung resmi taýdan arzan Samsung Galaxy A06 5G smartfonyny hödürledi. Bu Galaxy A hatarynda iň elýeterli model boldy. 4 GB operatiw we 64 GB fleş-ýat bilen smartfonyň bahasy 120 dollara barabar. Şeýle-de, 4/128 we 6/128 GB ýatly wersiýalar hem elýeterli bolup, olaryň bahasy, degişlilikde, 135 we 150 dollara deň. Samsung Galaxy A06 5G diagonaly 6,7 dýuým we durulygy HD+ bolan IPS ekranyna eýe boldy. Frontal kamera – 8 Mp, esasy kamera bolsa 50 we 2 Mp datçikleri aldy. Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/sag bolup, zarýad beriş kuwwaty Galaxy S25 bilen deňdir – 25 Wt. Smartfon MediaTek Dimensity 6300 platformasyna esaslanýar, programma platformasy – One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15. Bellemeli ýeri, bu programma üpjünçiligini heniz hatda Galaxy S24 hatarynyň smartfonlary-da almady. Samsung model üçin 4 ýyl goldawy wada berýär (bu howpsuzlyk we OS täzelenmeleri bolar). Şeýle-de, smartfon barmak yzynyň gapdal skaneri, nauşnik birikdirmek üçin port we IP54 goragy bilen üpjün edildi.