18-nji martda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" (IFT–2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralýan forum maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirer. IFT–2025 gatnaşyjy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmäge, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga we forumyň meýdançalarynda sebitleýin işewürligi ösdürmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Forumyň çäklerinde öňdebaryjy ykdysadyýetçileriň, işewürler dünýäsiniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda panel ara alyp maslahatlaşmalary, ýurduň esasy ykdysady pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän networking sessiýalary geçiriler. Forumyň çäginde görkezilen taslamalar IFT–2025-iň resmi saýtynda hem ýerleşdiriler. Foruma gatnaşmak üçin ýüz tutmalary forumyň resmi saýty arkaly ibermek mümkindir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir