Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek üçin bilelikdäki komissiýany döreder. Onuň maksady dünýä derejesindäki ýaryşy guramaçylykly geçirmek üçin üç ýurduň tagallasyny birleşdirmek bolar diýip, Patyşalyk Marokko futbol federasiýasynyň (FRMF) beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär. Komissiýany döretmek baradaky ylalaşyk Sale şäherinde geçirilen FRMF-iň prezidenti Fauzi Lekžaa bilen Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň (RFEF) ýolbaşçysy Rafael Luzanyň arasyndaky duşuşykda gazanyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Lekžaa “Marokko bilen Ispaniýany birleşdirýän taryhy we medeni gatnaşyklary” belläp, “2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üstünlikli guralmagyny kepillendirmek üçin üç ýurt tarapyndan bilelikdäki komissiýany döretmegi çaltlaşdyrmagyň” zerurdygyny belledi. Luzan, öz gezeginde, “Marokkonyň ähli derejelerde futboly ösdürmek, aýratynam, infrastruktura döretmek ugrunda gazanan üstünliklerine” ýokary baha berdi. Ýatlap geçsek, Halkara futbol federasiýasy 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlarynyň üç yklymdaky alty ýurtda geçirilmegini tassyklady. Ýaryşyň esasy hojaýynlary Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko boldy. Dünýä çempionatynyň ilkinji üç oýny Argentinada, Paragwaýda we Urugwaýda geçiriler. Dünýä birinjiliginiň oýunlary ilkinji gezek dürli yklymlarda geçer.