UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň esasy duşuşygynda Madridiň “Realy” “Mançester Sitiden” üstün çykdy. Madrid şäherindäki “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirilen toparlaryň arasyndaky jogap oýny 3:1 hasabynda tamamlandy. Angliýadaky ilkinji duşuşyk hem madridlileriň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlanypdy. Topar üçin üç goluň ählisini Killian Mbappe geçirdi. Ol Madrid kluby üçin ikinji het-trigini amala aşyrmak bilen, Ispaniýa gelenden soň özüniň iň gowy oýnuny görkezen bolsa gerek. Hosep Gwardiolanyň toparyna diňe esasy wagta goşulan minutlarda uly ýeňlişden sypmak başartdy. Ahyrky 3:1 hasaby-da uly ýeňiş diýip atlandyryp bolmaz, ýöne barybir “ManSiti” ýeňliş duýgusyndan gaçyp bilmedi. “Real” bilen bilelikde 1/8 finala Dortmundyň “Borussiýasy”, “PSŽ” we “PSW” hem çykdy. Fransiýanyň “PSŽ” kluby geçen hepde myhmançylykda “Bresti” 3:0 hasabynda utandan soň, bu gezek öýünde ýedi jogapsyz gol bilen ony derbi-dagyn etdi. Ýedi goluň ählisi-de dürli oýunçy tarapyndan salyndy. Ýagny, gollary öz hasabyna Bredli Barkol, Hwiçi Kwarasheliýa, Witinýa, Dezire Due, Nunu Mendeş, Gonsalu Ramuş we Senni Meýulýu ýazdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça umumy hasap – 10:0. Dortmundyň “Borussiýasy” hem indiki tapgyra kynçylyksyz geçdi. Ol “Sportingi” birinji oýunda 3:0 hasabynda utdy. Jogap oýny deňme-deňlikde gutardy – 0:0. Eýndhowenden “PSW” bilen Turiniň “Ýuwentusynyň” duşuşygynda welin, ýiti göreş gitdi. Myhmançylykda 1:2 hasabynda utulan niderlandly topar ikinji ýarymyň başynda Iwan Perişiçiň takyk urgusy bilen hasaby açdy. Timoti Wea tiz wagtdan hasaby deňledi, ýöne “Ýuwentusa” hasaby saklamak başartmady: Ismael Salibari “PSW-ni” öňe çykardy. Oýun goşmaça wagtda dowam etdi we netijede “PSW” Raýan Flamingonyň goly bilen ýeňiş gazandy. “Ýuwentus” bu tapgyrda ýaryşy terk eden üçünji italýan topary boldy. Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy. Indiki tapgyrda pleý-off oýunlarynyň ýeňijilerine umumy tapgyryň ilkinji sekiz topary goşular: “Liwerpul”, “Barselona”, Londonyň “Arsenaly”, Milanyň “Interi”, Madridiň “Atletikosy”, Lewerkuzeniň “Baýeri”, “Lill” we Birmingemiň “Aston Willasy”. Anna güni, 21-nji fewralda bije çekişigi geçirilip, finala çenli ýaryşyň tertibi kesgitlener. Çempionlar ligasynyň oýunlary bolsa 4-nji martda başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir