Lenovo ýakyn wagtda ThinkBook Flip AI PC atly täze noutbugyny hödürlär. Bu enjam eplenýän OLED displeý bilen enjamlaşdyrylan. Ol zerur bolan halatynda ulanyja ekranyň giňişligini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, «TechSpot» neşiri habar berýär. Täze enjam hakyndaky maglumatlary meşhur insaýder Ewan Blass paýlaşdy. ThinkBook Flip AI PC-niň displeýi eplenýär we doly açylanda adaty görnüşinden iki esse ulalýar. Eger ulanyja ekranda goşmaça ýer gerek bolsa, ony doly açyp ulanyp bolýar. Eger-de zerur bolmasa ýa-da ekranda görkezilýän zady başga birine görkezmek islese, displeýiň ýokarky bölegini ters tarapa öwrüp bolýar. Bu noutbuk iki sany şarnir bilen üpjün edilen, şeýle-de özüne ornaşdyrylan klawiaturasy bar. Şol sebäpli ol doly funksiýaly noutbuk hökmünde hyzmat edýär. Ýapyk ýagdaýynda displeýiň ýokarky bölegi enjamyň gapagynyň üstünde ýerleşýär. Şonuň üçin hem ol daşyndan planşete meňzeýär. Eger displeý açylsa, ol klawiatura tarapa gönükdirilýär. Lenovo ThinkBook Flip AI PC noutbugyny 3-6-njy mart aralygynda geçiriljek MWC elektronika sergisinde tanyşdyrar.