Amerikaly aktýor, “Oskar” baýragynyň eýesi Uill Smit “Men – rowaýat” (Я — легенда) filminiň ikinji bölümini düşürmek bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygy baradaky maglumaty tassyklady. Smit xQc strimeri bilen söhbetdeşlikde Maýkl B.Jordan bilen bilelikde lentanyň personažlaryny tapmak we işlemek üçin bir hepde töweregi wagt sarp edendigini aýtdy. “Bu, hakykatdanam, bar zat” – diýip, artist belledi. Ikinji bölümiň sýužeti asyl filmdäki wakalaryň dowamy bolar. Bu bölümiň ssenarisiniň awtory Akiwa Goldsman esas hökmünde diňe DVD-de elýeterli bolan finaly aldy. Onda Uill Smitiň personažy Newill diri galýar.