"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýolagçylaryny doglan güni bilen gutlap, olar üçin ýörite aksiýa yglan etdi. Eger-de ýolagçynyň doglan güni uçuş gününe gabat gelse, onda biletleri arzanladyş bilen satyn alyp bolar. Aksiýa şu ugurlar boýunça hereket edýär: Aziýa: Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat Aşgabat – Ho Şi Min – Aşgabat Aşgabat – Bangkok – Aşgabat Ýewropa: Aşgabat – London – Aşgabat Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat Aşgabat – Milan – Aşgabat Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam edýär. Aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistanda ýerleşýän awiabilet satyn alyş kassalaryna ýüz tutmaly. Has giňişleýin maglumat awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir