Seniň näçe nigiň bar?

Salam gadyrly agzalar. Kelläme şeýleräk bir pikir geldi. Eger aýyp bolmasa ýa-da birhili görmeseňiz bir zat soramakçy. Geliň hakykaty boýun alyp haýsy agza näçe lakam bilen girýär şony hakykatyň hatyrasyna ýazalyň. Regustrasiýa ýapyldy welin eşidilmedik atlar çykyp başlady. Her kim açyrsyna "nik"-leri basyp goýan ýaly.
Lakamyňyzyň adyny sor...

Dowamy »

2494 49
Köneler, 12 years ago


...şahyry ýatlap

Älemgoşar

Ýene gökde älemgoşar doguldy,-
Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden.
Ýene başym, başym aşak egildi,
Çykabilmän ýatlamalaň astyndan...

Biri ýaşyl, biri sary, biri ak,-
Älemgoşar ýaşlygymyň ýoly sen!
Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk,
Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen.
<...

Dowamy »

1681 4
Köneler, 13 years ago


Satana, garapişige ýüzlenme!

Garapishik,satana jigim! Gayrat et, hayysh edyan sayty hapalama. Bu yere KURAN-dan ayatlaryng turkmenchesi, Pygamberimizing hadysy, Magtymgulyng goshgulary... Bashgada gowy zatlar yazylyar. Sen turkmen chagasysynga-how. Allanyng haky uchin, Pygamberimizing haky uchin bes et indi. Agzyna hapa soz almayan agzalammyza ozunge hapa sogdurip oturma. Bir...

Dowamy »

1508 11
Köneler, 13 years ago


“EL-Clasiko” Kim ýeňer?

Aprel aýynyň 16-ndan 17-ne geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen gije sagat 01:00-da, dünýäniň iň naýbaşy klublaryndan bolan, madridiň Realy bilen Barselonanyň arasyndaky jogap duşuşyk boljak. Futbol janköýerleri bularyň arasyndaky “La liga”-daky birinji oýundan habarlydyr (barsa 5-0 real). Şeýlede futbol janköýerleri bularyň arasyndaky dartgynly geçj...

Dowamy »

3165 98
Köneler, 13 years ago


“Futboluň şasy” dogrusynda gysgaça...

Men bu gezek sport janköýerlerini gyzyklandyrjak makalany “Futboluň şasy”, rowaýaty futbolçy Pele hakynda ýazmagy makul bildim.
Pele Braziliýada garyp maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Dondino, aýagyna şikest ýetýänçä maşgalasyny futbol oýnap ekleýär. Peläniň esasy halypalarynyň biri Waldemar du Briton. Pele ýygyndy komandanyň eşigini 1957...

Dowamy »

1432 5
Köneler, 13 years ago


Enäniň ýaşy (goşgy)

Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: “Özüň et oň ýaly işi!”
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

“Öýe wagtynda gel, giç gelme ba...

Dowamy »

2044 6
Köneler, 13 years ago


Saýlaw 1

Salam gadyrly agzalar. Men bu günem “Iň oňat ýazgylar” atly saýlawmyzy dowam etmegi makul bildim. Geçen saýlawdan soň jemi 34 ýazgy ýazylypdyr. Tüweleme gowy ýazgylaram köp eken. Ýöne, biziň maksadymyz şolaryň içinden-em has gowylaryny saýlamak. Bu gezek 1-njy, 2-nji, 3-nji ýerleri hersini iki-ikiden saýlamaly boljak, gowy ýazgylar köp eken. Ine,...

Dowamy »

1519 6
Köneler, 13 years ago


"nesihatçy" (hekaýa)

Soňky günlerde erbet derde – “nesihat bermek” keseline ýolukdym. Kimdir birine gep goşup “akyl satmasam” ýüregim gysyp barýardy. Töweregimdäkileriň hereketlerine, gürrüňlerine we hatda geýinişlerine hem hökman at dakýardym. Berýän öwüt-nesihatlarym bilen olary dogry ýola salmaga çalyşýardym.
Bir gün awtobusda barýarkam iki sany çaga gördüm...

Dowamy »

1598 7
Köneler, 13 years ago


Saýlaw

salam gadyrly agzalar. meniň kelläme şeýle bir pikir geldi. her açylan 20 sany ýazgydan soň, şolaryň içinden "iň gowy üçlik"-i saýlamak. eger isleseňiz üç sany "iň gowy jogap ýazany" hem saýlap bilersiňiz. Maksadymyz "talyplar. com."-y bezemek. teklipleriňizi ýazyp bilersiňiz.
Meniň saýlan üçlügim:
1"BU IŞI" = = ad...

Dowamy »

1799 17
Köneler, 13 years ago


Güller (goşgy)

Howlymyň içine bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi gara.

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsyz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,...

Dowamy »

1760 7
Köneler, 13 years ago


Kerim agaň jogaby (1 bent)

"Omar haýýam segsen ýaşynda-da söýüşipdir. men näme üçin altmyşymda söýüşmäge mynasyp dälmişim?" diýen adama berip bilmedik jogabym.(kerim gurbannepesow).

Dowamy »

1603 10
Köneler, 13 years ago


Bagtlylyk hakynda. (goşgy)





Diýdiň sen:
“Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..”
Emma welin işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.

Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul...

Dowamy »

2200 15
Köneler, 13 years ago


TABYT


Gurbannazar Ezizow
TABYT (hekaýa)

Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine gir...

Dowamy »

1777 14
Köneler, 13 years ago


MARU-ŞAHU-JAHAN

gadyrly agzalar birinjiden diýjek zadym, soňky döwür talyplar com.-a ýazylýan ýazgylaryň öňkilere garanyňda gadyry gaçdy. meniň özüm bir ýyla golaý wagt bäri şu ýere girip ýazgylary okaýaryn. Ýöne soňky döwür gyzykly, manyly,taryhy, sporta degişli ýa-da ylym-bilime degişli, täsirli temalary göremok. goool diýip bir agza bardy, sportda täzelik bolsa...

Dowamy »

5883 49
Köneler, 13 years ago