Diýdiň sen: “Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..” Emma welin işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen. Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok. Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul. Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat, Sen gul! Haram puluň elindäki gul! ...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr. Sen onuň yzyndan gitmäge derek, Şu günki gazanan puluňy sanap, Ekstra bilen urýarsyň börek. Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň. Men bolsa gazany gapgaryp pitä, Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn Seniň dertli agaň yzyndan eltýän. Sen bolsa şo mahal sanan pulyňy Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden. Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa, Şo mahal müň esse bagtlydym senden. ...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün. Duran-duran ýerden ylgady uly il. Sen bolsa (“syrkaw men, dertli men...” diýip) Tapyndyň özüňe müň dürli delil. Men bolsa şo mahal egnim tabytly, Dostuňy göterip barýardym öňden. Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa, Müň esse baýdym hem bagtlydym senden! ...Dileg edip geldi garryja eneň. Bende dilegçi hem däldir-le weli, Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin Azajyk ýetmedik bolarly puly. Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň, Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!) Men bolsa şo mahal öz enem bilen Müň esse baýdym hem bagtlydym senden. ...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy. Okamak deregine içýäň hem iýýäň. Bir kitap görkezsem saldarlap görüp, “Şuňa näçeräk pul aldyka?” diýýäň. Beýik Magtymgulyň kitabyny hem Özüň däl, getirip beripdir ogluň. Halal, haram hakda okan mahalym – Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolýaň. Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem Ýerleşip bilenok pos basan beýnä... Men bolsa her agşam bagrymy berip Puşkina, Pyraga, Nowaýa, Geýnä, Balarysy ýaly şire toplaýan Danalaň dürdäne setirlerinden. Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen Müň esse gurply men, Bagtly men senden. ...Söýgüden doýanok meniň gözlerim. Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan. Köpügiň hasaplap uzynly gije, Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan. Men bolsa şo mahal mele gujakda Her minutda iki ýaşyny ýaşap, Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň Kä lebinden, käte gözünden ogşap - Seniň pulyň sany çen-çekdan çyksa, Meniň posa sanym çykýardy çenden. Şo mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden. ...Her gije, her säher eýmençden eýmenç Gara wakalary görüp düýşüňde, Käte basyrganyp, käte gygyryp, (Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda, Maşyn sesi çyksa, tisginip turup, Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!.. Biz bolsak şo mahal çagalar bilen Gark bolup iň süýji, lezzetli uka, Zähmetiň, Söýgüniň eşretin görüp, Nur sorup ýatyrys ertirki günden. Müňläp pulumyz ýok. Emma müň esse Baý biz, arkaýyn biz, bagtly biz senden. Kerim Gurbannepesow
Bagtlylyk hakynda. (goşgy)
-
Adgjmptw
13 years ago
köpügiň hasaplap uzynly
gije,
mele gelniňi-de çykarýaň
ýatdan.
hakyky durmushda gabat gelinýän ýagdaýlar...
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bol mirasymyz yenede yazypdyr.
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bol mirasymyz yenede yazypdyr.
-
Eldarado
13 years ago
- Mirasymyz elleriňe saglyk dostjan.
-
Eldarado
13 years ago
- Mirasymyz elleriňe saglyk dostjan.
-
Satmak
13 years ago
- Sag bol mirasymyz. Kerim agan yazan zatlarnyn kopusi durmushda bolyan zatlar. Yene bir gezek sag bol sheyle yazgylarn howri kop bolsun.
-
Bahbit
13 years ago
- Mirasymyz berekella. Men kerimaga we oña hormat goýýanlara uly hormat goýýan ýene bir gezek berekella
-
darkman
13 years ago
- Kerim aga döwüriň şahyry.
-
sahett
13 years ago
- su sahyr ondan biri bolmak miyesser etsin menem bagtly bolaryn hemmeden
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol mirasymyz!
-
Tourist
13 years ago
- Mirasymyz mirasyñ altyn hazynalaryndan ýetirip dur
-
sahett
13 years ago
- dogry aydylan
-
sahett
13 years ago
- dogry aydylan
-
alishir
13 years ago
- beyıkler mydama beyıkdır.ALLAJAN YATAN YERLERI YAGTY BOLSUN.SEYHLE MANYZLY GISGYLAR YAZYPDYRLAR.YENE ON ASYRDAN HEM OKALJAK SYGYRLAR...
Yazlale 13 years ago- Kerim agan goshgulary gaty gowy... sag bol mirasymyz!