Howlymyň içine bir bölek ýere Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary. Birisi gyrmyzy, birisi gara, Birisi mämişi, birisi gara. Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman, Geleni bäri hem gözleri gülde. Şol seredip otyr gözlerin gyrpman, Göýäki diýersiň, bir suwsyz çölde Bütin ömürboýy zar bolup güle, Doldurýan ýalydy şonuň öwezin. Myhman seredýärdi “Gijegözele”, Myhmana seredýär “Gijegözelim”. Owadan gözlerin ertirden bäri Aýryp bilmän otyr owadan pelden. Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly – Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden, Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly, Bakýardy güllere gezek – gezegne. Bakýardy “Nerkese”, gyzyl “Piona”, Bakýar “Giorgina”, “Gijegözelne”. Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan Hem myhmana bakýan. Güller hakynda Bir ajaýyp pikir aýdar ol hökman. Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn, Sözledi gül hakda ajap bir beýdi – “Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek... Pomidor ekäýseň bolmaýamy!...” diýdi. Kerim aga.
Güller (goşgy)
-
mirasymyz
13 years ago
- düzedişiňe sagbol adgjmptw (lakamyňy ýazmak kyn bolýar, herharpa seretmeli bolýar. elbetde bir manysy bardyrda)
-
Servi
13 years ago
-
Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!
Gözellige düşünmeseňem kyn boljak eken.
Sagbol mirasymyz!
-
Miwashke
13 years ago
- kerim shahyryn goshgylaryny nache okasanda doyup bolanok.sag bol yazanyna mirasymyz!
-
yaya
13 years ago
- gul adama ruhy lezzet berya ol eyesin diline dusunyamis.gowy gosgy sag bol.
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowy goshgy. Sag bol mirasymyz. Yene-de yazyp durun.
-
sahett
13 years ago
- kerim aganyn gosgy duzus formasy uytgesik su dowrun cagalary magtymguly pyraga dusunmez emma kerim aga dusuner
Adgjmptw 13 years ago
birisi gyrmyzy, birisi gara,
birisi mämişi, birisi sary.
Kerim aganyñ goşgularyny okasam, atam pahyr ýadyma düşýär. Kerim aga bilen atam ikisi dostdylar. Çalaja ýadyma düşýär, şeýdip köpräk ýazyp dur, minnetdar Mirasymyz!