Aprel aýynyň 16-ndan 17-ne geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen gije sagat 01:00-da, dünýäniň iň naýbaşy klublaryndan bolan, madridiň Realy bilen Barselonanyň arasyndaky jogap duşuşyk boljak. Futbol janköýerleri bularyň arasyndaky “La liga”-daky birinji oýundan habarlydyr (barsa 5-0 real). Şeýlede futbol janköýerleri bularyň arasyndaky dartgynly geçjek oýunlaryň 18 günde 4-sine tomaşa edip bilerler. Bu oýunlar barada 1-2 günlükde ispanlaň bir gepleşigine gatnaşan Barselonaň derwezeçisi W. Waldesden soralanda madridlileriň gaharyny getirjek şu jogaby beripdir:- “Real Barselonany iň soňky gezek utanda telewizorlar reňklimik-ä ýa-da ak-gara?!?” Elbetde bu jogap Realyň oýunçylaryna jan edip oýnamak üçin kömegem bolup bilermikä diýýän. Meň özüm Barselonaň janköýeri. Aýratynam Messiň. Ýöne Realyň fanatlaryna hormatym uly. Tanyşlarymyňam köpüsi Realyň tarapdary. Real utsa tort kesjek diýip ýörenlerem bar. Garaz, her kim sabyrsyzlyk bilen şo oýunlara garaşýar. 20-nji aprelde bular Ispaniýaň kubogyny almak üçin Walensiýada final oýnuny oýnar. UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda-da duşuşarlar. Çempionlar ligasynyň oýunlary 27-nji aprel bilen 3-nji maýda oýnalar. Bular “La liga”-da 161gezek duşuşyp Real 68(262gol), Barselona 63(251gol) gezek ýeňiş gazandy. Iki topar ähli duşuşyklary hasaba alaňda 204 oýun oýnady. Şonda paýtagtlylar 83(328gol), “katalonlar” bolsa 81(324gol) gezek ýeňiş gazanypdyr. Talypdaş agzalar şu oýunlar barada sizem öz pikiriňizi ýazyp bilersiňiz. Birinji oýunda kim ýeňer? Hasap näçe näçe bolar? Öz çaklamaňyzam goýup bilersiňiz. Meniň çaklamam barsa 2-1 real bolarmyka diýýän. Söz sizden...

Köneler, mirasymyz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir