Soňky günlerde erbet derde – “nesihat bermek” keseline ýolukdym. Kimdir birine gep goşup “akyl satmasam” ýüregim gysyp barýardy. Töweregimdäkileriň hereketlerine, gürrüňlerine we hatda geýinişlerine hem hökman at dakýardym. Berýän öwüt-nesihatlarym bilen olary dogry ýola salmaga çalyşýardym. Bir gün awtobusda barýarkam iki sany çaga gördüm we olaryň hem nesihatlarymdan binesip galmagyny islemän, gep goşmakçy boldum. Meniň çakyma görä çagalar 7-8 ýaşlaryndady. Öňümdäki oturgyçda ejeleri bilen otyrdylar we bukjalaryny gujaklaşyp barýardylar. Çagalaryň biriniň maňa göni seretmeginden peýdalanyp, oňa: -Salam ýetginjek, mekdebe barýaň öýdýän. Aýtsana mugallymlaryň saňa salamlaşmagy öwretmedilermi? – diýdim. Oglanjyk bu oslagsyz soraga näme jogap berjegini bilmän dymdy we ýüzüme geň galyjylyk bilen seretdi-de, ýüzüni aşak saldy. Mümkin beýle zatlardan habary ýokdur. Şondan soň beýleki oglanjygyň egnine çalaja kakdym-da: - Heý, siziň mugallymlaryňyz ulular bir zat sorasa jogap bermeli diýip aýtmadylarmy? – diýdim. Meniň soragyma ol hem jogap bermedi we maňa hiç-hili üns bermeýän ýaly öňe öwrüldi-de dogany bilen güýmendi. Olaryň boluşlaryna janym ýanyp, ejelerine ýüzlendim: - Çagalaryň şeýle boş ýetişmeklerine gynanmalydyrys. Özem olar okuwa-da gidýärler dälmi? Zenan maşgala gynançly äheňde : - Iki ýyl bäri gatnadýaryn. Emma soraglaryňa jogap bererler öýtmeýärin – diýip jogap berdi. Şondan soň sesimi ýene-de biraz batlandyryp: - şeýle ýeňil zatlary okuwda öwrenmeseler-de, siz olara öwretmeli ahyry. Ýurduň gelejegi olara bagly dälmi eýsem – diýdim. Aýal günäsiniň uludygyna aňlan bolarly. Birzatlar diýjek ýaly etdi-de, hiç zat diýmän dymdy. Birnäçe duralga geçenimizden soň awtobusdan düşdi we çagalarynyň elinden tutup, mekdepdigi daşyndan bildirip duran bir jaýa tarap ýöredi. Awtobusyň aýnasynyň tutusyny bir tarapa syryp, ýaňkylaryň girip giden jaýlarynyň gapysynyň ýüzündäki ýazgyny okanymda, “kerleriň we lallaryň mekdebi” diýen ýazga gözüm düşdi.
"nesihatçy" (hekaýa)
-
bestcellermeret
13 years ago
- dost onda olaryn ikisem ker ekenida.
-
Ayyuzli
13 years ago
- kop kop minnetdar mirasymyz.gynansak-da,shuna menzesh yagdaylar kop bolyar.
-
Bibisara
13 years ago
- pikirlenman adam gunalap nesihat bermesen ahliniz hatda ahlimiz uçin has peydaly
-
gulgunjik
13 years ago
- Anygyna yetman netije cykarmak ynsanoglunyn tebigatynda barda,yone esasy zat yalnyshyna wagtynda dushunmekmika diyyan,yagny suw senrikden agmanka...
-
Adgjmptw
13 years ago
- Bu hekaýany öñem bir ýerde okapdym öýdýän. Mirasymyz, berekella saña! $eýle hekaýalar ynsan kalbyna örän tiz aralaşýar we kalbyñ töründe durmuş gollanmasynyñ uly nusgasyna öwrülýär. Netijede diñe ýaşlaryñ däl, eýsem uly ýaşlylaryñ hem oñat niýetli, ajaýyp häsiýetli bir şahsyýet bolup ýetişmekliklerine uly itergi berýär. Berekella!
-
sahett
13 years ago
- gowja yazylypdyr
Friendship 13 years ago- Sagja bol, mirasymyz! Örän manyly hekaýa.