Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy... Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: “Özüň et oň ýaly işi!” Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam..” Ogly bolsa enä çenedi daşy. “Wah, nätsemkäm?” Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. “Indi ata bolduň, adam bol, oglum!” Gysyldy gysyldy enäniň dişi. Ene dişin gysdy otuz iki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy...
Enäniň ýaşy (goşgy)
-
sahett
13 years ago
- enelere uzak yas we jenasyna gora sylag gorsunler.tuweleme m.
-
mirasymyz
13 years ago
-
sahett
13 years ago
- bu gosgy men mowzuk acmankam hem bar eken...)
-
Abadan
13 years ago
- Ikinji gosgyny birinji gezek esidyan. Manyly eken.
-
littil
13 years ago
- eneleri goralyň, eneler bolmasa dünýe bolmaz. mirasymyz sposiba gowy goşgy.
mirasymyz 13 years ago- Bolmasa
Saglyk bolar bu dünýäniň gözbaşy,
Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa.
Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,
Saçagynda bugdaý - nanyň bolmasa.
Akyl – paýhas gerek adamkärlige,
Sylag – hormat gerek agzybirlige.
Dostlaşyp ýüz ursaň hilegärlige,
Sylamazlar sözde çynyň bolmasa.
Ýüregiň ak bolup halka garasaň,
Alkyş ýagar toý-ýasyna ýarasaň.
Lukman bolup syrkaw halyn sorasaň,
Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa.
Mydam gulluk etseň ýagşy niýete,
Eýe eder at-abraýa, döwlete.
Agzybir maşgalaň dargar her ýere,
Akylly aksakal ulyň bolmasa.
Aga diýir, “Aýby ýok garyp bolanyň,
Beter barly bolup, garyp öleniň.
Doýurmaz diläniň, mugt alanyň,
Rysgal ojagynda paýyň bolmasa
Şu goşgyny Akmuhammet Saparow (AKYŞ) aýdym edip aýdýar. Eger bilýän bolsaňyz AGA şahyryň kimdigini we goşgularyndan bilýäniňizi ýazsaňyz minnetdar bolardyk.