Men bu gezek sport janköýerlerini gyzyklandyrjak makalany “Futboluň şasy”, rowaýaty futbolçy Pele hakynda ýazmagy makul bildim. Pele Braziliýada garyp maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Dondino, aýagyna şikest ýetýänçä maşgalasyny futbol oýnap ekleýär. Peläniň esasy halypalarynyň biri Waldemar du Briton. Pele ýygyndy komandanyň eşigini 1957-nji ýylyň 7-nji iýulynda Argentinanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirilen duşuşykda geýýär. Şonda onuň 17 ýaşam dolmandyr. Şol duşuşykda ýygyndydaky ilkinji golyny derwezä gönükdirdi. 1958-nji ýylyň 19-njy iýunynda dünýä çempionatyndaky ilkinji golyny çärýek finalda Uelsiň derwezesine saldy. Pele 1000-nji goluny 1969-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Santos klubynda çykyş edýärkä Wasku da Gama komandasyna garşy oýnanada 11metrlik jerime urgusyndan saldy. Dünýä çempionatyna 4gezek, ýagny 1958-62-66-70-nji ýyllarda gatnaşyp, Braziliýaň ýygyndysyna 3gezek “altyn heýkeli” gazandyrdy.1971-nji ýylda milli ýygyndyň hataryndan gitmekligi ýüregine düwdi. Peläniň kakasy Dondino futbolçy bolmak bilen haky 3ýylda 700dollardyr. Oglunyňka garanyňda 10000esse pesdir. Pele iň soňky hoşlaşyk duşuşygyny 1977-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkda geçirdi. Peläniň iň köp oýnan Santosy bilen Kosmos duşuşýardy we 43-nji minutda Kosmosyň hatarynda derwezä iň soňky pökgüsini saldy. Futbol ýyldyzlarynyň ykbaly biri-biriniňkä meňzemeýär. Mysal üçin Bekenbauer futbol dünýäsinde abraýly adamlaryň biri. 70-nji ýyllaryň rowaty nemes oýunçysy Gerd Mýuller özüni düýpli içgä berip uçudyň gyrasyna geldi. Eger öz wagtynda Bekenbauer kömege ýetişip, egnini goýmadyk bolsa Mýulleriň ykbaly keç bolardy. Pele we Garrinça. Ýöne bularyň mysalynda ykbal keç boldy. 20-nji asyryň simwoliki ýygyndysynda ýer alan legendar Brazil ýarymgoragçy, Peläniň Pele bolmagynda uly rol oýnan, dünýä çempionaty 1958-62-66-njy ýyllarda gatnaşan, Dünýäniň 2gezek çempiony Garrinça 50 ýaşynyň içinde garyplykdan öldi. Belkem Bekenbauer ýaly dostuň tapylmandygy üçin şeýle bolandyr? Pele şeýle dost bolup bilerdi. Onuň Garrinça üçin wagty bolmandy. Hut şonuň üçin braziller Peleden gaty görýär. Pele özüniň 20-nji asyryň iň oňat futbolçysy diýip yglan edilmegi bilen baglanyşykly Roterburgda geçirilen uly dabara barmaga hem wagt tapmandy. Onuň üçin biznes ähli zatdan ýokary. Pele öz ömrüniň 22ýylyny futbola bagyşlady. Braziliýanyň ýygyndy komandasynyň düzüminde çykyş edip Dünýäniň 3gezek çempiony boldy. Ol dünýäniň 88ýurdunda çykyş edip 93gezek het-trik (bir oýunda 3gol) gazandy. Futboluň şasy 31oýunda her sapar 4gol, 6oýunda her gezek 5gol, 1oýunda 8goly garşydaşynyň derwezesine salmagy başardy. Futboluň şasy bir ýerde hormata eýe bolunýan bolsa şol hormatlaryň hemmesine eýe boldy. Onuň tagtynda iň gymmat almaz bolup, Geçen asyryň iň oňat sportçysy diýip Halkara Olimpiýa Komitetiniň beren baýragy lowurdaýar. Taryh we Statistika baradaky halkara federasiýasy bolsa Peläni 20-nji asyryň iň oňat futbolçysy diýip yglan etdi. Pele asla spirtli içgi içmeýär, çilim çekmeýär. Dabaraly pursatda, ýagny dünýäniň FUTBOL KUBOGY eýelenendigi üçin, ýoldaşlary şampan içende-de, onuň bokalynda suw bardy. Peleden soňra Futbol dünýäsinde Maradona, Mateus, Platini, Wan Basten , Romario, Föller, Stoýçikow, Ronaldo, Şewçenko, Wea, Ronaldino, K.Ronalda, Messi we başgada ençeme güýçli futbolçylar döredi. Şu wagtky döwürde iň güýçli futbolist, meniň pikirimçe Argentinaly Leonel Messi. Ine menem Pele hakyndaky ýazgymy soňlaýan. Türkmen futbolunda-da şular ýaly ýyldyzlaryň çykmagyny umyt etmek bilen... sag boluň. Wagtyňyzy alanym üçin aýyplaşmaweriň...
“Futboluň şasy” dogrusynda gysgaça...
-
kesir
13 years ago
- Sagjabol mirasymyz. gaty gowy yazypsyn. bally diyip bir agza bar. so seni 1-nji yerde goyar. bally edebiyatcy bolanson 2sozdenem cunnur many čykaryar.
-
kesir
13 years ago
- Sagjabol mirasymyz. gaty gowy yazypsyn. bally diyip bir agza bar. so seni 1-nji yerde goyar. bally edebiyatcy bolanson 2sozdenem cunnur many čykaryar.
-
kesir
13 years ago
- Sagjabol mirasymyz. gaty gowy yazypsyn. bally diyip bir agza bar. so seni 1-nji yerde goyar. bally edebiyatcy bolanson 2sozdenem cunnur many čykaryar.
-
Bally
13 years ago
- Sagja bol mirasymyz gowy tema acypsyn yöne birinji yere kesir agan üc jogabyna beryän kesir aga 2 söz yazsada cunnur many alsa bolya sungadyn ussady kesir aga.
Adgjmptw 13 years ago- Mirasymyz, beren gyzykly maglumatlaryñ üçin köp minnetdar dost! Dünýä meşhur bolan belli futbolist Pele barada kän zat bilemokdym, esasy maglumatlyñ birini ýazypsyñ, sagja bol Mirasymyz!