Tesla 2025-nji ýylda Roadster sportkaryny çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.
“Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri ta...

Dowamy »

126 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Messi Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnady

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Lionel Messi taryhda Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnan ikinji adam boldy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady diýip, gazeta.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Ronaldu bu sosial ulgamda i...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, 6 months ago


Politico: Ýewropanyň 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro talap etdi

Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar.
Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli maha...

Dowamy »

114 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Samsung 800 MB/s çenli tizlikli microSD ýat kartyny görkezdi

«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir.
«SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň...

Dowamy »

121 0
Tehnologiýa, 6 months ago


OnePlus iki operasion ulgamly we prosessorly gibrid sagady görkezdi

«OnePlus» iki çip we iki operasion ulgamy bolan «Watch 2» gibrid akylly sagady tanyşdyrdy.
«Dual Motor» tehnologiýasy iki çipi we operasion ulgamyny birleşdirýär: «Wear OS» esasly kuwwatly «Snapdragon W5» we «RTOS» bilen üpjün edilen energiýa tygşytlaýan «BES2700». Şeýle hem sagadyň işleýşine 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogapkärdi...

Dowamy »

121 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Awtoulag eýeleri üçin iň gowy elektrik ulaglarynyň sanawynda BMW we Mini birinji orunda durýar

«J.D. Power» agentligi eýeleriniň kanagatlandyrýan iň gowy elektrik awtoulaglarynyň sanawyny hödürledi. Netijeler guramanyň web sahypasynda çap edildi.
Gözlegiň çäginde awtoulaglar baha kategoriýasyna bölündi. Çap edilen netijelere görä, «BMW-niň» elektrik awtoulaglary köpçülikleýin we premium toparlarda öňde barýar. Şeýlelikde, «BMW i4» gym...

Dowamy »

123 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Azerbaýjan Hazar deňziniň suwlaryny süýjeder

Azerbaýjan Hazar deňziniň suwuny süýjedip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Respublikanyň döwlet suw baýlyklary agentliginiň başlygy Zaur Mikailow aýtdy.
Ol «Ýurduň suw hojalygy: meseleler we täze kynçylyklar» atly maslahatda: «Degişli teklipler eýýäm 10 daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan öňe sürüldi» diýip, belläp geçdi.
Mikailow h...

Dowamy »

115 0
Täzelikler, 6 months ago


Türkmenistanda emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin ylmy-tehnologiýalar merkezi peýda bolar

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we “akylly”, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmen...

Dowamy »

125 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Alymlar 700 ýylda ilkinji gezek Dante Aligýeriniň ýüz keşbini dikeltdiler

Adamlar ilkinji gezek Dowzahy beýan eden adamyň – Dante Aligýeriniň "ýüzüni gördüler". Alymlar ýazyjynyň kelleçanak süňküni ulanyp, onuň ýüz keşbini dikeltdiler.
Dante «Ylahy komediýa» poemasy bilen Günbatar edebiýatynyň nyşanyna öwrüldi, bu eserde Jennete, günälerden saplanylýan ýere (araf) we Dowzaha syýahat barada gürrüň berilýär.
...

Dowamy »

120 0
Tehnologiýa, 6 months ago


UFC geçen ýyl rekord mukdarda girdeji gazandy

UFC bilen WWE promouşenlerini birleşdirýän TKO Group Holdings kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, kompaniýanyň geçen ýyl garyşyk başa-baş söweş işinden gazanan girdejisi 1,3 mlrd dollara barabar boldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 13% köpdür diýip, fighttime.ru belleýär.
UFC-niň rekord girdejisi geçirilen çäreleriň sanynyň we gurama bilen...

Dowamy »

128 0
Sport, 6 months ago


Islam Mahaçew şu ýyl azyndan iki söweş geçirer

UFC-niň ýeňil agramda häzirki çempiony Islam Mahaçew şu ýylyň ahyryna çenli azyndan iki söweş geçirer. Bu barada The Schmo bilen söhbetdeşlikde söweşijiniň menejeri Ali Abdelaziz aýtdy diýip, fighttime.ru habar berýär.
“Bize UFC-de haýsy senäni belleseler hem, Islam şu ýyl, iň bolmanda, iki gezek söweşer. Azyndan” – diýip, Abdelaziz belledi....

Dowamy »

134 0
Sport, 6 months ago


Uçmak we gonmak üçin ganatlary aýlanýan gibrid dikuçar görkezildi

Amerikanyň Sikorsky kompaniýasy özboluşly gibrid uçaryň taslamasyny hödürledi. Onda gonmak we ýokary göterilmek üçin uçaryň ganatlary aýlanýar diýip, NewAtlas habar berýär.
Görkezme uçarynyň agramy 4 tonna bolar we 1,2 MWt turbinaly gibrid elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Uçuş aralygy 926 km bolar.
Aýlanýan ganatlar Sikorskiniň...

Dowamy »

117 0
Tehnologiýa, 6 months ago


ABŞ C we C++ programmirleme dillerini ulanmazlygy maslahat berýär

ABŞ-nyň Ak öýüniň milli kiberhowpsuzlyk müdirliginiň (ONCD) edarasy möhüm programma üpjünçiligini döretmekde işläp düzüjilere C we C++ programma dillerini ulanmagy bes etmegi maslahat berýän hasabat çap etdi. Munuň özi bu dillerde ýady dolandyrmagyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly howatyrlanmalaryň bardygy bilen düşündirilýär diýip, tomshardware.com...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, 6 months ago


Adobe emeli aň aýdym-saz generatoryny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp saz döredip bilýär

Adobe kompaniýasy Bruklinde geçirilen Hot Pod Summit-de Project Music GenAI Control platformasyny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp, saz döredip bilýän gural. Ulanyjylar isleýän žanryny, äheňini, tempini we beýleki görkezijileri kesgitläp berse, emeli aň olara özboluşly saz döredip berer diýip, TechCrunch ýazýar.
Işläp taýýarlaýyş entek...

Dowamy »

121 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Analitikler: indiki gezek çip önümçiliginde global çökgünlige suw ýetmezçiligi sebäp bolup biler

S&P Global Ratings kompaniýasynyň analitikleri suwuň global ýarym geçirijiler pudagy üçin täze gorky faktoryna öwrülip biljekdigini duýdurýarlar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Taýwan gurakçylygy başdan geçirdi we bar bolan süýji suw ätiýaçlyklary TSMC-niň çip öndüriji kärhanalarynyň işini üpjün etmäge gönükdirildi, bu bolsa oba hojalygyna ýaramaz täsi...

Dowamy »

110 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Adamlar 1 – 3 ýyldan haýwanlaryň diline düşünip bilerler

Hünärmenler emeli aňyň tiz wagtdan adamlara öý haýwanlary we ýabany haýwanlar bilen düşünişmäge kömek etjekdigini çaklaýarlar. Şu maksat bilen gözlegçiler “sanly bioakustikany” işjeň ulanýarlar – ykjam sanly rekorderleriň kömegi bilen haýwanlaryň sesleri, tikleri we özüni alyp baryşlary ýazga alynýar. Alnan maglumatlary emeli aňa haýwanlaryň habarl...

Dowamy »

112 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Awstriýada tizligini kadadan artdyran sürüjileriň awtomobilleri elinden alnyp biler

Awstriýada ilatly ýerleriň köçelerinde rugsat berilýän sagatda 80 km-den, şäheriň daşynda sagatda 90 km-den ýokary tizlik bilen hereket edýän sürüjiler indi awtomobilden mahrum ediler. Soň bu ulag serişdesi auksionda satylar. Tizligiň artdyrylandygy üçin şeýle jezalary göz öňünde tutýan düzgünler ýurtda 1-nji martdan güýje girýär diýip, dw.com bell...

Dowamy »

105 0
Täzelikler, 6 months ago


Ýewropa awtoöndürijileri Hytaýyň awtoulag senagaty bilen bäsleşmek üçin birleşik döredip biler

Renault kompaniýasynyň baş müdiri Luka de Meo Ýewropanyň awtoöndürijilerini tagallalary birleşdirip, elýeterli elektromobil öndürmek üçin Airbus-a meňzeş konglomeraty döretmäge çagyrýar. Bu barada “AwtoGrondo” neşiri habar berýär.
De Meo-nyň aýtmagyna görä, ýewropaly awtoöndürijilere bu pudakda lidere öwrülen Hytaýdan arzan bahaly elektromob...

Dowamy »

110 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Apple kompaniýasy Apple ID brendinden ýüz öwürmek isleýär

Apple amerikan kompaniýasy Apple ID-niň rebrendigini meýilleşdirýär. Ol hyzmaty Apple Account diýip atlandyrmak isleýär diýip, çeşmelere salgylanyp, MacRumors portaly habar berýär.
Portalyň maglumatlaryna görä, Apple Account eýýäm şu ýyl, ähtimal, güýzde boljak iOS 18 we macOS 15 operasion sistemalarynyň relizi bilen peýda bolup biler. Şeýle...

Dowamy »

113 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Gadymy döwürlerde adamlar Alsgeýmer keselinden seýrek ejir çekipdir. Alymlar munuň sebäbini anykladylar

Alymlar Alsgeýmer keseline we beýleki kognitiw bozulmalara gadymy Gresiýada we Rimde seýrek duş gelnendigini anykladylar. Journal of Alzheimer's Disease-de çap edilen gözleginiň netijesi demensiýanyň "häzirki zaman gurşawynyň keseli" bolup biljekdigini görkezýär.
Hünärmenler munuň esasy sebäbiniň hereketsiz durmuş ýörelgesi we hapalanan howa...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, 6 months ago


Samsung-da Face ID-niň alternatiwasy peýda bolar

«Metalenz» startap kompaniýasy we «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler.
Oýlap tapyşyň konsepti «MWC 2024» sergisinde hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» bi...

Dowamy »

106 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Microsoft “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny açdy

Microsoft kompaniýasy GitHub serwisinde “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny ýerleşdirdi. Ol uly dil modelleri, emeli aň agentleri bilen işlemegiň esasy ýörelgeleri we bularyň ählisini öz taslamaňy işläp taýýarlamakda nähili ulanmalydygy barada gürrüň berýän 18 tekst sapagyny öz içine alýar.
Kursuň maksatnamasyny özleşdirmek üçi...

Dowamy »

107 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Türkiýede okamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň resminamalary kabul edilip başlandy

1-nji martda Türkiýede ýokary bilim almak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalaryny kabul edilip (TR-YÖS) başlandy.
Okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalary 18-nji marta çenli kabul ediler. Giriş synaglary bolsa (TR YÖS/1) 18-nji maýda geçiriler.
Bu okuw maksatnamasy Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim a...

Dowamy »

207 0
Bilim, 6 months ago


Rolls-Royce iň gymmat awtoulagy - 30 million dollarlyk Arcadia Droptail awtoulagyny çykardy

Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde iň gymmat awtoulag diýlip atlandyrylýan täze Arcadia Droptail kabrioletini hödürledi. Hypebeast.com -yň habaryna görä, onuň bahasy 30 million dollar.
Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr....

Dowamy »

109 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Britaniýaly türgen ýetimlere we ýetimler öýlerine pul ýygnamak üçin Tailandyň içi bilen 2100 km aralygy ylgap geçdi

Britaniýaly Kris Rassel Tailandyň demirgazygyndan günortasyna 2100 km aralygy ylgap geçip, Run Thailand 2100 KM atly 50 günlük haýyr-sahawat işini tamamlady. Ol 10-njy ýanwarda Çiangraý welaýatyndan ylgap başlady we ony 1-nji martda Ýala welaýatynyň Betong şäherinde tamamlandy diýip, The Thaiger habar berýär.
Rassel Tailanddaky ýetimler öýle...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 6 months ago