Türkmenistanda hatdatlyk boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Has takygy, 27-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglandan eden «Owadan ýazuw» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada gazetiň şu günki sanynda habar berildi. Şu ýyl eminler topary tarapyndan bäsleşige hödürlenen işleriň 9-sy ýeňiji diýlip yglan edildi, 4-si höweslendiriji baýraga mynasyp görüldi. Bäsleşigiň baş baýragyna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Aýnur Halmyradowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijelerine görä, ýeňiji bolan we oňa işjeň gatnaşan ýaşlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hemde ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, «Owadan ýazuw» atly owadan poçerkleriň bäsleşigi bassyr üç ýyl bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň esasy maksady türkmen ýaşlarynyň hatdatlyk sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, dürs we owadan ýazuw endiklerini öňe sürmekden ybaratdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir