Tailandyň Hökümeti Bangkokda we Pattaýede ýerli saýlawlar mynasybetli spirtli içgileri satmagy 24 sagat gadagan etdi. Bu barada ýurduň Saýlaw toparyna salgylanýan «Report.az» neşiri habar berdi. Habarda çäklendirmäniň 27-nji iýunyň agşamyndan 28-nji iýun agşama çenli dowam etjekdigi bellenýär. Şunda gadaganlyk dükanlara, restoranlara, barlara we gijeki klublara, şeýle-de meşhur syýahatçylyk şäheri bolan Pattaýä degişli bolar. 28-nji iýunda Bangkogyň gubernatorynyň, Pattaýeniň häkiminiň we ýerli geňeşleriň deputatlarynyň saýlawlary geçer. Gadaganlygy bozujylara alty aýa çenli azatlykdan mahrum etmek, 10 müň bat (300 dollar töweregi) möçberde jerime ýa-da bu iki jezanyň birbada bellenmegi ýaly jeza çäreleri garaşýar.