Ýewropaly blogerler sebitde dowam edýän jokrama yssy bilen bagly wideolary aldygyna internetde çap edýärler, olaryň birinde penjiräniň öňünde sajda ýumurtga gowurýarlar. Öýleriň köpüsinde bolsa, hatda Parižiň merkezinde-de serginledijiler ýok, şol sebäpli adamlaryň köpüsi wagtlaýyn myhmanhanalara ýaşamaga göçýärler. Fransuz paýtagtynda yssyndan ýüregi durýanlaryň sany ortaça görkezijilerden 2,5 esse artdy. Hassahanalar doly, diňe bir gije-gündizde 100-den gowrak adam aradan çykdy. Termometrleriň sütünjigi hatda Ispaniýada, Italiýada, Germaniýada 40 gradusdan geçýär. Şäherleriň köçelelerindäki ýol yşyklaryň plastigi ereýär, olar şeýle adatdan daşary yssa niýetlenmändir. Howa maglumaty gulluklary ýene bir yssy tolkun barada duýdurýarlar. Günbatar Ýewropadaky görülmedik yssy sebäpli 4800 metrlik Monblan dagynyň buzluklary rekord derejede eräp başlady diýip, «MIR 24» habar berýär. Dag soňky 10 ýylda iki metr kiçelipdir. Hünärmenler bu ýylky yssy howa Monblan dagynyň buzluklarynyň eremegini has-da çaltlandyrar diýip, çaklaýarlar

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir