Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna toplumlaýyn sapar bilen ugrady. Bu barada belarus lideriniň metbugat gullugy habar berdi. Aleksandr Lukaşenko saparyň dowamynda üç ýurtda bolar we ýokary derejeli giň düzümdäki gepleşikleri geçirer. Olar dürli ugurlarda geljegi uly taslamalary öz içine alar. Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk Belarusyň ileri tutýan ugurlary bolup durýar. Sebit dünýä ösüşiniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar diýip, metbugat gullugynyň habarynda nygtalýar.