Bu gün biziň wezipämiz geljek nesillere ýaşyl Gyrgyzystany miras galdyrmakdyr. Bu barada «Açyk iş otagy» taslamasynyň çäklerinde ýurduň tebigy gorlar, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministri Akyl Toktobaýew gürrüň berdi diýip, «kabar.kg» neşiri ýazýar. Ministriň sözlerine görä, «Žaşyl Muras» başlangyjy kabul edileni bäri ýurtda 6 million düýp bag nahaly oturdyldy, 2026-njy ýylda bolsa, 9 million bag ekmek meýilleşdirilýär. A.Toktobaýew şeýle-de bu başlangyjyň onlaýn-görnüşe geçiriljekdigini habar bermek bilen, «Biziň sanly platformamyz bolar, ol arkaly bag oturtmak boýunça işleriň nähili dowam edýändigini onlaýn-tertipde görüp bileris» diýdi.