Türkiýe we Azerbaýjan pahlawany ÝUNESKO guramasynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada bilelikdäki hödürnama bilen ýüz tutdular. Onda bu süýji nygmaty «baklava» we «pakhlava» diýen at bilen sanawa girizmek teklip edilýär diýip, «Turkiye» neşiri habar berdi. Pahlawa degişli çözgüt Hytaýyň Sýamyn şäherinde 30-njy noýabrdan 5-nji dekabr aralygynda geçiriljek ÝUNESKO-nyň Hökümetara geňeşiniň 21-nji mejlisinde kabul ediler. Pahlawanyň döreýşi barada dürli çaklamalar bar.Türk taryhçylary onuň häzirki görnüşde Osmanly döwletiniň köşklerinde saçaga äberilendigini nygtaýarlar. Bu datly nygmat soltan Mehmet II döwrüniň aşhana kitaplarynda agzalýar. Emma Gresiýa pahlawany öz medeni mirasy hasaplaýar. Ýerli hünärmenleriň nygtamagyna görä, pahlawany grekler türki taýpalar Anadola gelmänkäler hem taýýarlapdyrlar. Bal, grek hozy we inçejik hamyrdan edilen bu süýjüligi wizantiýalylar koptoplakus diýip atlandyrypdyrlar. Häzir pahlawany grek naharhanalarynda däbe öwrülen halk süýjüligi hökmünde hödür edýärler.