Serbiýanyň döwlet Baştutany Aleksandr Wuçiç öz tarapdarlary bilen Belgradda geçen ýygnanyşykda Prezident wezipesinde soňky hepdeleri geçirýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar. Ol Prezident hökmünde şeýle köp adama soňky gezek ýüzlenýändigini nygtady. Serb lideri şeýle-de özüniň ýurda 14 ýyl wepaly gulluk edendigini sözüniň üstüne goşdy. Aleksandr Wuçiç 2017-nji ýylda Serbiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. 2022-nji ýylda ol wezipä ikinji gezek saýlandy. Onuň Prezident ygtyýarlylyklary 2027-nji ýylda tamamlanýar. Wuçiç öň Hökümet başlygy hökmünde işini dowam etjekdigini habar beripdi.