Taýland güýçli mussonlar sebäpli tupan boljakdygy barada duýduryş berdi

Taýlandyň hökümeti ýerli ilata we daşary ýurtly syýahatçylara adatdan daşary ýagdaý barada duýduryş berdi. Ýurda eýýäm gelenlerden ýa-da öňümizdäki hepdede bu ýere syýahata gelmegi meýilleşdirýänlerden Bangkokyň resmi adamlarynyň möhüm maglumatyna üns bermek haýyş edilýär.
Ýerli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň çäginden birb...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Gazagystan üçünji ýurtlardan ýangyç import etmek üçin gümrük paçlaryny ýatyrar

Gazagystan üçünji ýurtlardan, ilkinji nobatda Hytaýdan ýangyç we ýag materiallaryny getirmek üçin gümrük paçlaryny ýatyrmak meselesini işläp düzýär. Tengrinews neşiriniň habar bermegine görä, häkimiýetler içerki bazarda ýüze çykyp biljek kynçylyklar zerarly ýangyç üpjünçiliginiň ätiýaçlyk gurluşyny döretmegi maksat edinýärler.
Gazagystanyň s...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Dana Uaýt Daşkentde UFC ýaryşyny geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistan Merkezi Aziýada UFC ýaryşyny kabul etjek ilkinji ýurt bolmaga golaýlaýar.
Daşkentde ýaryşlary guramak mümkinçiligi UFC-niň prezidenti Dana Uaýt bilen Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Otabek Umarowyň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk dünýäniň öňdebaryjy başa-baş söweş guramasynyň ýaryş...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


DÇ-2026: Mbappe Messi bilen deňleşdi, Fransiýa, Norwegiýa we Meksika 1/8 finalda

Dünýä çempionatynyň 1/16 final tapgyry dowam edýär. Geçen gije bolan oýunlarda köpçüligiň garaşýan netijelerine şaýat bolduk. Güýçlüler ýoluny dowam etdiler.
Kot-d’Iwuar — Norwegiýa— 1:2: Holandyň 5-nji goly...
Norwegiýa Kot-d’Iwuary 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 1/8 finala çykdy. Arlington (Tehas ABŞ) şäherindäki «Eý-Ti-end-Ti»...

Dowamy »

80 0
Sport, 1 month ago


Ýapon ýenasy soňky 40 ýylyň iň pes derejesine düşdi

Ýapon ýenasynyň ABŞ-nyň dollaryna bolan hümmeti 1986-njy ýyldan bäri iň pes derejä çenli aşaklady. 29-njy iýunda Nýu-Ýorkdaky söwda geleşiklerinde 1 dollar 162,41 ýena (şu habar çap edilen wagty– 162,65) barabar boldy. Reuters agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýapon walýutasy eýýäm yzygiderli dördünji çärýek peselmegini dowam etdirýär.
...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti General-gubernator Luiza Arburany Kanadanyň güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Luiza Arbura we ýurduň ähli halkyna Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Luiza Arbura tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň h...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


Hytaýda doly robotlaşdyrylan myhmanhana açylýar

Hytaýyň «Pudu Robotics» kompaniýasy öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde tutuşlygyna robotlaşdyrylan otel açmakçy bolýarlar, ol Şençžen-Çžunşan köprüsiniň ýanyndaky emeli adada bina edilýär. Ilkinji myhmanlary 2027-nji ýylda kabul etjek myhmanhanada tutuşlygyna awtomatlaşdyrylan hyzmat ulgamyna 2030-njy ýylda geçmek meýilleşdirilýär. Bu barada «New Atl...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabatda haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy sergisi geçirildi

Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň eserleriniň şahsy sergisi geçirildi.
Sergä gelenleriň ünsüni aýratyn-da dokalan ýantorbalar özüne çekdi.
Aşgabatda haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resm...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky resminama gol çekildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2027-nji ýy...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Holandyň geçiren goly Norwegiýanyň ýygyndysyny DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykardy

Norwegiýanyň futbol ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Antonio Nusa (39-njy minutda) we Erling Holand (86-njy minutda) geçirdi. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa 74-nji minutda...

Dowamy »

82 0
Sport, 1 month ago


Türkmenistanyň sazandalary Namangandaky makam sungaty bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda boldy

Türkmenistanyň wekilleri 23–26-njy iýunda Namangan şäherinde geçirilen III Halkara makam sungaty forumynyň çäklerinde guralan bäsleşikde ýeňijileriň hataryna girdi.
Türkmenistanyň wekilleri hormat heýkeljigi we pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
ÝUNESKO-nyň hem-de Bilim, ylym we m...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Mbappeniň iki goly Fransiýanyň ýygyndysynyň Şwesiýany ýeňmegine we DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykmagyna ýardam etdi

Fransiýanyň futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Şwesiýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Kilian Mbappe iki gezek tapawutlandy (45-nji we 74-nji minutlarda). Üçünji pökgini 53-nji minutda Bredli Barkolýa geçirdi.

Dowamy »

75 0
Sport, 1 month ago


Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Köşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gazak wekiliýetini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew garş...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Meksikanyň ýygyndysy Ekwadory ýeňip, DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykdy

Meksikanyň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Ekwadoryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Duşuşyk Mehiko şäherinde geçirildi.
Meksikanyň gollaryny Hulian Kinýones 22-nji minutda we Raul Himenes 31-nji minutda geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymyna goşulan wagtyň 5-nji minutynda Ekwadoryň goragçysy...

Dowamy »

70 0
Sport, 1 month ago


Özbegistanyň ilaty 39 milliondan geçdi

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Özbegistanyň ilaty 39 million 47 müň adamdan geçdi. Bu barada ýurduň Statistika boýunça komitetiniň başlygy Behzod Hamroýew habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Ilat ýazuwynyň deslapky jemleri bilen tanyşlykda Respublikanyň işe ukyply ilatynyň sanynyň 21,73 milliondan geçendigi we munuň umumy...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


5 aýda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 350 million dollara ýetdi

2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 36,3 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 427,9 million amerikan dolla...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, 1 month ago


Altynyň bahasy iýunda 12 göterim arzanlady

Düýn – sişenbede altyn unsiýa üçin 4 müň dollardan aşaklady we soňky sekiz aýa golaý döwürde iň pes derejä düşdi diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi.
Altyn geçen iýunda 12 göterimden hem arzanlady. Altyn Ýakyn Gündogardaky kesgitsizlik bilen baglylykda, dört aýlap yzygiderli arzanlamagyny dowam eder diýlip garaşylýar.
Maýa goýumç...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen wekiliýeti 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar

30-njy iýun — 2-nji iýul aralygynda Pariž şäherinde Fransiýanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň we birnäçe halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen «Ölüm jezasyna garşy bilelikde» fransuz assosiasiýasy tarapyndan guralan 9-njy Bütindünýä ölüm jezasyna garşy kongresi geçirilýär.
Kongresiň maksatnamasyna resmi açylyş dabarasy...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Günorta Koreýanyň Prezidenti milli ýygyndynyň DÇ-däki şowsuzlygyny derňemegi tabşyrdy

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligine Demirgazyk Amerikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda milli ýygyndynyň şowsuz çykyş etmeginiň sebäplerini derňemegi tabşyrdy.
«Men professional futbol toparynyň öňki hormatly direktory we ýygyndynyň gyzma janköýeri hökmünde bu garaşylmadyk ne...

Dowamy »

64 0
Sport, 1 month ago


Stambulda 5 müňe golaý adam horon tansyny oýnap, Ginnesiň kitabyna girdi

Stambulda bäş müňe golaý adam bir wagtda türkleriň däp bolan horon tansyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada TRT Haber telekanaly habar berýär.
Bu köpçülikleýin çykyşa şäheriň müňlerçe ýaşaýjysy we myhmanlary gatnaşdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tans tamamlanandan soňra bu üstünligi resmi taýdan hasaba aldy.
...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Paragwaý garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýany penaltiler tapgyrynda ýeňdi we 1/8 finala çykdy

Paragwaýyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Germaniýanyň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler tapgyrynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde geçirildi.
Esasy we goşmaça wagt 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Paragwaýyň düzüminde 42-nji minutda H...

Dowamy »

75 0
Sport, 1 month ago


Türkmenistan TDG-niň sammitine hem-de СOP31 maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Marokkonyň ýygyndysy penaltiler tapgyrynda Niderlandlary ýeňip, DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykdy

Marokkonyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Niderlandlaryň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler urgularynda ýeňip, indiki tapgyra çykdy. Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen duşuşygyň netijesinde Niderlandlaryň ýygyndysy ýaryş bilen hoşlaşdy.
Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda...

Dowamy »

71 0
Sport, 1 month ago


Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň wekiliýetiniň önümçilik, bilim, ylym we amalyýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan «Merkezi Aziýa + Hytaý» formatyndaky maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaýyň Urumçy şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminama gol çekildi.
Hususan-da, Hytaý Halk Respublikas...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


4-nji iýulda Aşgabatda eko-festiwal geçiriler

4-nji iýulda Aşgabatda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Çäre 16:00-dan 19:00-a çenli aralygynda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago