Prime Video striming hyzmaty «Nuar Möý» supergahrymanlyk teleserialyny ikinji möwsüme uzaltmakdan ýüz öwürdi. Bu barada daşary ýurt KHBS-i habar berýär. Taslamanyň ýapylmagynyň sebäbi häzirlikçe belli däl. «Deadline» neşiriniň maglumatlaryna görä, Prime Video we Sony studiýasy «Nuar Möý» serialynyň ornuny tutjak supergahrymanlyk taslamasynyň üstünde işleýär. «Nuar Möý» serialynda baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirdi. Ol 1930-njy ýyllaryň Nýu-Ýorkunda ýeke-täk supergahryman bolan, durmuşyň kynçylyklaryny başdan geçiren hususy detektiw Ben Reýliniň keşbini janlandyrdy. Seriala Lamorn Morris, Brendan Glison, Jek Hýuston, Li Szýun Li we beýleki aktýorlar hem gatnaşdy. Taslamanyň döredijileri hökmünde Oren Uzil we Stiw Laýtfut çykyş etdi. Teleserial maý aýynyň ahyrynda tomaşaçylara ýetirildi we tankytçylardan oňyn baha mynasyp boldy. Rotten Tomatoes saýtynda onuň görkezijisi 92%, Metacritic-da bolsa 100-den 72 bal boldy. «Nuar Möý» «Emmi» telewizion baýragynyň 11 ugry boýunça dalaşgär görkezildi. Bu Prime Video-nyň şu ýylky seriallarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir