Anak-Krakatau wulkanynyň atylmagy Indoneziýada aeroportlaryň işini togtatdy: diňe Bali adasyndaky Ngurah-Raý halkara howa menzilinde 6-njy sentýabr güni agşama çenli 42 uçuş goýbolsun edildi ýa-da başga wagta geçirildi. Bu barada aeroportuň administrasiýasyna salgylanýan ANTARA habarlar gullugy mälim etdi. ​Anak-Krakatau Ýawa we Sumatra adalarynyň aralygyndaky Zond bogazynda ýerleşýär. Wulkan geçen hepdäniň ahyrynda atyldy, onuň külüniň tüssesi bolsa ep-esli aralyga ýaýrady. Kül sebäpli Indoneziýanyň häkimiýetleri birnäçe aeroportuň işini çäklendirmäge mejbur boldular. ​Reuters-iň berýän maglumatyna görä, kül sebäpli ýedi aeroport ýapyldy, gijikdirilmeler, goýbolsun edilmeler we ugur üýtgetmeler, takmynan, 2300 uçuşa hem-de 270 müňden gowrak ýolagça täsirini ýetirdi. ​Şol bir wagtyň özünde Ngurah-Raý doly ýapylmady. Aeroport awiakompaniýalar we AirNav Indonesia milli nawigasiýa gullugy bilen işleşmegi dowam etdirýär. Ýolagçylara bolsa aeroporta ugramazdan ozal, degişli ýerden uçuşyň şol wagtky ýagdaýy barada öňünden maglumat almak maslahat berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir