Ilon Maskyň X kompaniýasynyň arza bermegi boýunça ABŞ-nyň Delawer ştatynyň kazyýeti sosial torlar ulgamyndaky başga bir startapyň «Twitter» adyny ulanmagyny wagtlaýyn petikledi. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. Maskyň kompaniýasy federal kazynyň Operation Bluebird kompaniýasyna kazyýet derňewiniň dowamynda öz platformasy üçin «Twitter» adyny, şeýle hem bu at bilen baglanyşykly beýleki haryt nyşanlaryny ulanmagy gadagan etmegini gazandy. Ýöne «Twitter» sosial torunyň nyşany bolan kiçi gök guşuň logosyny ulanmagy petiklemek synanyşygy kazy tarapyndan ret edildi. Kazyýet Operation Bluebird kompaniýasy tarapyndan «Twitter» adynyň ulanylmagynyň sarp edijileri bulaşdyrjakdygyny we haryt nyşanyna bolan hukuklary bozjakdygyny belledi. Startapyň 2022-nji ýylda Maskyň «Twitter» sosial torunyň adyny üýtgetmegi bilen X kompaniýasynyň bu nyşana bolan hukuklardan ýüz öwrendigi baradaky delili bolsa kabul edilmedi. Şol bir wagtyň özünde, kazy Maskyň X kompaniýasynyň «ähli guşlar» bilen hoşlaşýandygy baradaky beýanatyna salgylanyp, X-iň «twit» sözüne we gök guşly logotipe bolan hukuklaryndan ýüz öwrendigini aýtdy. Operation Bluebird dekabr aýynda ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna X-iň «Twitter» ady astyndaky federal haryt nyşanlaryny ýatyrmak haýyşy bilen ýüz tutup, kompaniýanyň olardan ýüz öwrendigini öňe sürdi. Startapyň arzasynda onuň bu nyşanlary bäsdeş platforma üçin ulanmakçydygy bellenilipdi. Soňra kompaniýa özüniň «Twitter» haryt nyşanyny bellige aldyrmak üçin aýratyn arza berdi. Şondan soň X kompaniýasy Bluebird-i kazyýete berdi. Ol öz şikaýatynda «Twitter» brendiniň häzirem «diri we sagdyndygyny» hem-de «eýelenmäge taýýar däldigini», Operation Bluebird-iň ady «ogurlamak» synanyşygynyň bolsa haryt nyşanyna bolan hukuklary bozýandygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir