Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kornenbergde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Teklip mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy. Bu barada TDH ýazýar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk sportyndaky ornuny giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Bu ugurdaky esasy maksat ahalteke bedewleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny gazanmak bolmalydyr. Şonuň üçin hem ýaş bedewleri sergi-görkezilişleriň we bäsleşikleriň halkara standartlaryna laýyklykda taýýarlamagyň maksatnamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ahalteke tohumynyň wekilleri üçin abraýly halkara baýraklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem «ýaşyl» diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek özboluşly ähmiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça ahalteke bedewlerinde atly syýahatlary guramak halkara syýahatçylygynyň täze hem-de geljegi uly ugry bolup biler. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow weterinariýa ylmyna maýa goýmagyň we ahalteke atynynyň özboluşly tohum arassalygny öwrenmäge gönükdirilen halkara gözleg grantlaryny döretmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda halkara assosiýasiýalaryň derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaşdyrylan ugurlaryny kemala getirmegiň ähmiýetini belledi we ylmy-gözleg işlerini utgaşdyrmagy, şeýle-de ygtybarly taryhy çeşmeleri hem-de maglumatlary özara alyşmagy ýola goýmagy teklip etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental formatda, sanly çeşmelerde we çap önümlerinde ganatly bedewlere bagyşlanan eserleri döretmek boýunça meýilnamalary hem-de maksatnamalary işläp düzmegi seretmegiň maksadalaýykdygy bellendi. Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň ýeke-täk genetik bankyny we Ahalteke bedewleriniň halkara gaznasyny döretmek baradaky başlangyjy seretmegi teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň bu işlere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, maslahat beriş we usuly kömegi, şeýle hem arhiw we beýleki zerur serişdeleri bermäge taýýardygyy tassyklady.