Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty dowam edýär. Onuň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýärler. Kronenberg çäreleriniň esasy wakalarynyň biri gözellik we konkur boýunça Ýewropanyň çempionynyň kesgitlenilmegi boldy. Bu abraýly ada fransiýaly atşynaslar tarapyndan ýetişdirilen «Ýyndam» atly bedew mynasyp boldy. Hünärmenlerdir eminler topary bu bedewiň beden guluşyna, arassa ganlylygyna, özboluşly gözelligine ýokary baha berdiler. Munuň özi Ýewropa ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklamaga we olary köpeltmäge uly üns berilýändigini tassyklaýar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär. Mundan başga-da, Kronenbergde guralan türkmen halkynyň atçylyk sungatyna, bu ugurdaky däp-dessurlaryna, medeniýetine, çeper döredijiligine hem-de Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan sergi hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Kronenbergde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň, şeýle-de türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertiň geçirilýändigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir