Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew talyplara ýurtda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasat başlangyçlary barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisi alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek, gazanylan üstünliklere baha bermek hem-de Türkmenistanyň mundan beýläkki durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm syýasy meýdança öwrüler. Duşuşygyň ahyrynda Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplaryny gyzyklandyrýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.