Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti Neda Berger ahalteke bedewlerini «döwrüň nyşany» we «parahatçylygyň ilçileri» diýip atlandyrdy. Ol bu barada 4–6-njy sentýabrda Niderlandlaryň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň birinde eden çykyşynda belledi. Neda Bergeriň sözlerine görä, häzirki zaman medeni diplomatiýasynda ahalteke bedewleri dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen 2026-njy ýylyň şygary astynda geçirilýän çempionat halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Ol ahalteke atlarynyň tohumynyň öz asyl keşbini häzirki güne çenli saklap gelen Türkmenistanyň özboluşly mirasydygyny nygtady. Neda Berger bu bedewleriň çydamlylygyny, wepalylygyny we owadanlygyny aýratyn belläp, olary «türkmen maşgalasynyň hakyky agzasy» diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol 2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we bedewleri bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti çykyşynda Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda meňzeşlikleriň bardygyna hem ünsi çekdi. Iki ýurt hem hemişelik bitaraplyk derejesine eýedir we özleriniň meşhur at tohumlaryna — ahalteke we lipisany atlaryna uly söýgi bilen garaýarlar. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň nyşanynda-da hut şu iki at tohumy şekillendirilendir. Neda Berger «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan görkezilen çykyşlara ýokary baha berdi. Ol toparyň Monte-Karloda geçirilen halkara festiwallardaky, şol sanda Gran-pri bäsleşigindäki üstünliklerini, şeýle hem Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalaryna mynasyp bolandygyny aýratyn belledi. Çykyşynyň ahyrynda Neda Berger ahalteke bedewlerine bagyşlanan öz goşgusyny okady. Atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi 4–6-njy sentýabrda Niderlandiýanyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirildi. Bu Türkmenistandan daşarda guralan şeýle uly göwrümli ilkinji çempionatdyr. Oňa dürli ýurtlardan 100-den gowrak at gatnaşdy. Bäsleşiklerden we gözellik ýaryşyndan başga-da, çäräniň maksatnamasyna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, ylmy maslahat hem-de türkmen medeniýetiniň sergisi girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir