Ata Watan
«Alem Sport» dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ylgaw enjamlaryny hödürleýär
«Alem Sport accessories and equipments» dükany öý, sport zallary we fitnes-merkezleri üçin dürli görnüşleri hödürleýär. Dükanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda «Volksgym», «Oma Fitness», «Marshall Fitness» ýaly dünýäniň ynamdar öndürijileriniň islendik derejedäki ylgawçylar üçin ygtybarly maşk enjamlary bar.
«Eplenýän ylgaw enjamy howa şer...
Türkmen diplomaty Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň spikeri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň spikeri Nuriddin Ismoilow bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
22-nji noýabrda bolan duşuşykda taraplar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerin...
Aşgabatda Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler
Azerbaýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 28-nji Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Geýdar Aliýew — Azerbaýjan-Türkmenistan doganlygy» atly konsertiň geçiriljekdigini habar berdi.
Konsert azerbaýjan halkynyň milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanýar.
Konser...
Nebit daşalyşy artdyrylýar
Işe girizilen pursatyndan şu güne çenli «Baku — Tbilisi — Jeýhan» (BTJ) turbageçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna 4,3 milliard barrel nebit iberildi. Muny «BP» kompaniýasynyň maliýe meseleleri boýunça sebitleýin wise-prezidenti Kolin Alan Bakuwda geçirilen 10-njy Hazar tehniki konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «APA-Economics» habar berdi...
Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Gullugyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
Duşuşykda Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdiriýetiniň müdiriniň orunbasary Sandra Karkline-Admine, şeýle hem Latwiýa Respublika...
Sebitde durnukly ösüşi goldamak boýunça maslahat geçirildi
Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB), Aziýa ösüş banky (AÖB) we Aziýa infrastruktura maýa goýum banky (AIMGB) «Merkezi Aziýada durnukly ösüşe goldaw bermek» atly «tegelek stoluň» dowamynda sebitdäki daşky gurşaw we durmuş standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, «Trend.az» habar berdi.
ÝÖB-iň Durnukly ösüş müdirliginiň dolandyryjy müdir...
Türkmenabadyň tikin fabriginiň içerki bazarda tutýan orny barha ýokarlanýar
Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň geçen on aýynda meýilleşdirilen 34 million 765 müň 343 manatlygyň ýerine 43 million 211 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. On birinji aýyň önümçilik meýilnamasynyň hem möhletinden öň berjaý edilmegine ynam bildirilýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, fabrig...
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçiriljek innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar. Bu barada «Tür...
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde kabul edildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekilleri bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Bu barada Ýerine ýetiriji komitetiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň D...
Awstraliýada pensioner enä sendwiç sebäpli jerime saldylar
Awstraliýanyň günrükhanasynda pensioner zenan Jun Armstronga elgoşunda unudan sendwiçi üçin jerime saldylar diýip, «NZ Herald» neşirine salgylanýan «M24» ýazýar.
77 ýaşly zenan Awstraliýa Täze Zelandiýadan uçarda gelipdir. Uçmazyndan öň ol howa menzilinde towuk etli sendwiç satyn alyp, soň ony unudypdyr. Gümrükhanada enäni saklap, 3,...
Türkmenabatdaky kärhana 17 müň tonna golaý çörek önümlerini öndürdi
Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 16 müň 394 tonnasy, unaş önümleriniň 720 tonnasy öndürildi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.
Habard...
«Algap» lomaý alyjylar üçin aksiýa yglan etdi
Plastik önümleri öndüriji hökmünde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan «Algap» kompaniýasy lomaý satyn alyjylar üçin aksiýa yglan edilendigini habar berýär.
Bu aksiýanyň çäklerinde telekeçiler azyk önümlerini saklamak we daşamak üçin niýetlenen 5000 sany mukdardaky çelegi her birini 5,50 manat amatly bahadan satyn alyp...
Türkmen wekiliýeti SPEKA-nyň dolandyryjylar geňeşiniň 18-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) dolandyryjylar geňeşiniň Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen 18-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Trend» habar berdi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden B.Allakbaýew...
Türkmenistan we Gana syýasy geňeşmeler geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçyly...
Ruslan Mingazow 32 ýaşady: futbolçynyň maşgalasy, futbol ýoly we geljegi bilen bagly söhbetdeşlik
Şu gün, 23-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow 32 ýaşyny doldurýar. Ol özi we janköýerleri üçin şanly senäniň öňüsyrasynda «Turkmenportala» beren interwýusynda geljekki meýilleri barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda onuň Gonkongyň ýygyndysynyň derwezesinden geçi...
Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň birnäçe zawodlaryna baryp gördi
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň 13 — 18-nji noýabry günlerinde Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi we tehniki aýratynlyklary bilen ýerinde tanyş...
«Türkmenhowaýollary» Germaniýanyň «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy
«Türkmenhowaýollary» Germaniýany «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi.
«Dünýäniň 190 bazaryndaky syýahat agentlikleri petekleri bron etmegiň adaty amallaryny ulanyp «Türkmenhowaýollarynyň» üsti bilen ýüklerini iberip we «HR-169» çökgünlikden g...
Türkmenistanyň Londonda geçirilen maýa goýum forumyna 74 kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy
Ozal habar berşimiz ýaly, 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forum geçirildi. Forum iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, foruma halkara guramalaryň wekilleri, Ýaponiýa...
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory FEI-niň Baş Assambleýasyna gatnaşdy
18 — 21-nji noýabr aralygynda Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy.
Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (...
Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
25-nji noýabra çenli geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler we duşuşyklar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Yspyhan şäherinde geçirilýän Med...
Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Russiýadaky ilçileri duşuşdylar
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda täze bellenilen ilçisi E.Aýdogdyýewi şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Polat Bülbül ogly bilen duşuşygy geçirildi.
«Azertag-yň» habar bermegine görä, Azerbaýjanyň ilçisi türkmenistanly kärdeşini jogapkärli we abraýly wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de geljekki işlerinde üs...
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçiriler
2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, deputatlary bellige almak şol gün sagat 9:00-da başlanýar.
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Sanly söwda umumy ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrülip biler hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine güýçli itergi berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
HHR-iň Başlygy bu barada «Global Digital Trade Expo» sergisine gatnaşyjylara ýüzlen...
Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.
«Nurminen Logistics» häzirki zaman we ekologiýa taýdan aras...