Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi. – Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategiki garaýyşlary we daşary syýasy çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýarys – diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi. Şeýle hem çykyşynyň dowamynda özbek Lideri häzirki zaman şertlerinde parahatçylygyň hem-de özara dialogyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Özbegistan bu başlangyjy doly goldady hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň awtordaşlarynyň biri boldy. – Biz bu başlangyja ýurtlary birleşdirýän, gapma-garşylygy aradan aýyrýan we meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge mümkinçilik döredýän, halklaryň jebisleşmegi we hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy platforma hökmünde garaýarys – diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy. Şeýle hem çykyşda Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlarynyň ählumumy abadançylygy üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara ähmiýetine üns çekildi. Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara bileleşiginiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň bu ugurda mundan beýläk hem öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir